Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýokanç raýdaşlyk: Garaşsyz aktiwistler beterleýän COVID-19 krizisine uçran Orsýete kömege taýýarlanýar


Moskwa. Gorag eşigini geýen saglyk işgärleri güman edilýän näsagy hassahana alyp gidýär. 16-njy mart, 2020

Sankt Peterburg, Orsýet. Aleksandra Krylenkowa uzak ýylyk tejribesi bolan adam hukuklary aktiwisti. Soňky aýlarda ol terrorçylyk aýyplamalary esasynda açylan "Torlar" diýilýän iş boýunça günäkärlenýänlere goldaw kampaniýasyny alyp barýar. Köp adam bu jenaýat işini Federal howpsuzlyk gullugy tarapyndan gurnalan galp, toslama iş hasaplaýar.

Şeýle-de ol Ukrainanyň Krym sebitinde, 2014-nji ýylda Orsýetiň ele geçiren regionynda adam hukuklarynyň basgylanyşyna ünsi çekmek bilen meşgullanýar.

Emma indi, dünýäniň galan böleginde bolşy ýaly, Krylenkowa bar ünsüni COVID-19 pandemiýasyna gönükdirýär.

"Men eýýäm öz binamyzda ýaşaýan her bir adam bilen gürleşdim" diýip, ol AÝ/AR-a Orsýetiň barha çalt depginde özgerýän keselçilik ýagdaýyny togtatmak üçin raýat jemgyýetiniň täze we has işjeň rol oýnamalydygy baradaky pikirlerini aýtdy.

Ol öz "Covidarnost" toparyny, ýagny COVID we rusça raýdaşlyk sözüniň gysgaldylyp birleşdirilmeginden döredilen "Kowraýdaşlyk" guramasyny gurdy. Bu täze guramanyň şygary "Ýokanç raýdaşlyk" ýa-da "Raýdaşlyk ýokaşýar" bolup durýar.

Aktiwistleri, aklawçylary, lukmanlary, psihologlary, kompýuter programmistlerini we beýlekileri öz içine alýan topar ýurduň çar künjeginde ýerli "inisiatiwa toparlaryny" ýüze çykarmak, aragatnaşyk gurmak we olara kömek bermek maksatlaryny yzarlaýar.

Meýletinçiler koronawirus krizisi döwründe garrylara we beýleki goragsyz adamlara howpsuz kömek edip biljek standartlaşdyrylan maglumat paýlaşmalaryny we teswirnamalaryny taýýarlaýar.

Krylenkowa "Covidarnostyň" krizis döwründe psihologiki we hukuk kömegini bermek üçin telefon liniýasyny açmagy planlaşdyrýandygyny hem sözüne goşdy.

25-nji martda Orsýetde resmi taýdan 658 COVID-19 hadysasy hasaba alyndy we adam ölmedi, ýöne ýurduň koronawirus topary iki adamyň ölendigini boýun aldy we pidalary pnewmoniýadan we saglyk ýagdaýynyň çylşyrymlaşmagyndan ejir çekýän garry näsaglar diýip häsiýetlendirdi.

(Birleşen Ştatlardaky Johns Hopkins uniwersitetiniň wirusyň dünýä boýunça ýaýramagyna gözegçilik edýän Koronowirus merkeziniň sanawyna häzir Orsýetde bu bu keselden ölen diýip bilinýän üç adam hem goşuldy. Rus häkimiýetleri bu üç adamyň biriniň gan düwülmesinden ölendigini aýtdylar.)

Kesel ýokaşýanlar artsa-da, köp orsýetli şübhelenýär

Prezident Wladimir Putiniň dolandyran iki onýyllygynda Orsýetiň täze döredilen postsowet raýat jemgyýeti yzygiderli hüjümlere sezewar boldy. Käbir garaşsyz guramalar "daşary ýurt agentleri" hökmünde hasaba alynmaga mejbur boldular we köp sanly içerki we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmelerinden kesildi. Aktiwistlere tutuş ýurt boýunça azar berildi, hüjüm edildi, olar türmä basyldy we jerime tölemäge mejbur edildi.

Mundan başga, hakyky jemgyýetçilik başlangyçlaryny çetleşdirmek maksady bilen, Kremle dostlukly we ýalan hökümete degişli däl guramalar döredildi.

Krylenkowanyňka meňzeş taslamalar eýýäm "Myvmeste2020" – "Hemmämiz bilelikde 2020" ýaly “bäsdeş” toparlar bilen hem ýüzbe-ýüz bolýar. Bular Kreml tarapyndan döredilen we Putini goldaýan, köplenç hökümete hyzmatdaş hökmünde çykyş edýän "Bütin Orsýet halk frontuna" çalymdaş guramalardyr.

"Hemmämiz bilelikde 2020" we döwlete tarapdar "Orsýet – mümkinçilikler ýurdy" guramalary bilelikdäki tagalla bolup, 2018-nji ýylda prezident Wladimir Putiniuň başlangyzlary esasynda we prezidentiň Esasy gaznasy tarapyndan döredildi.

Herekete çagyryş

Krylenkowa 20-nji martda çap eden Facebook beýanatynda adamlaryň häzirki şertlerde bir-birine kömek etmelidigini, özleriniň bu işe eýýäm başlandyklaryny aýtdy we özüne goşulmaga çagyrdy.

Aleksandra Krylenkowa
Aleksandra Krylenkowa

Beýleki adamlar hem kynçylyklara bada-bat jogap çärelerini gözlemek bilen seslendi. Orsýetiň Mail.ru internet portaly goňşularyna azyk ýa-da derman serişdeleri bilen kömek etmek isleýän adamlar üçin göçürip alyp bolýan nusgalary, blankalary döretdi. "Geliň, bileleşip kömek edeliň" diýip, kompaniýanyň çagyryşynda aýdylýar.

Sankt-Peterburg regionynyň Çyornaya Reçka sebitindäki goňşy topar hem şuňa meňzeş taslamany döretdi we garrylary kömek sorap ýüz tutmaga çagyrdy. "Biz goňşularyňyz, siziň aladaňyzy edýäris!" diýip, bu toparyň beýanatynda aýdylýar.

"Işjeň toparymyz 10 töweregi adamdan ybarat we jemi 30 töweregi kömekçimiz bar. Öň hapa ýerleri arassalamak we saýlawlara gözegçilik etmek çärelerini, başga şuňa meňzeş işleri gurnadyk. [Koronawirus] kampaniýamyza ýaňy-ýakynda başladyk, adamlar gowy garşylaýarlar, meniň hut özüm eýýäm iki garry aýala kömek etdim" diýip, guramaçy Pawel Çuprunow aýtdy.

"Her aktiwist bir ýaşaýyş jaýyna berkidildi" diýip, ol sözüni dowam etdirdi. "Indi esasy zat, garrylara kömek almak mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyp çykmak. Bu mümkinçilikden peýdalansalar ýa peýdalanmasalar, bu olaryň öz işi" diýip, ol aýtdy.

Şeýle-de, Sankt-Peterburgda hukuk kömegi berýän jemgyýetçilik guramasy 19-njy martda COVID-19 pandemiýasy bilen baglanyşykly meselelerde hukuk kömegini bermek üçin gyzgyn telefon liniýasyny açdy.

Taslamanyň ilkinji günlerinde 150-den gowrak adam maslahat sorap, telefon etdi. Soraglaryň köpüsi karantiniň şertleri we olary bozan adamlara beriljek temmi, ýatyrylan syýahat planlary üçin harçlanan pullary yzyna almak proseduralary bilen baglanyşykly boldy.

Mundan başga, jaň edenler mejbury hassahana ýerleşdirilmegi, söz azatlygy we polisiýa işgärleriniň özüni alyp barşy barada sorag berdiler.

"Biz bu meselä goşulmaly bolduk, sebäbi pandemiýa örän köp adama täsir edýär ... Biz bu taslama Orsýetde raýatlary hukuk kömegi bilen üpjün edýän döwlet ýa hususy merkeziň bolmandygy sebäpli başlamagy makul bildik" diýip, "Agoranyň" metbugat sekretary Wadim Meşçerýakow AÝ/AR bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Karantinde 'taşlananlar'

"Agoranyň" aklawçysy Stanislaw Seleznyýow jaň edýänleriň köpüsiniň karantindäki adamlardygyny, olaryň özlerini hiç bir maglumat berilmän taşlanan adamlar ýaly duýýandyklaryny aýtdy.

"Düzgün bolşy ýaly, bular öz ýagdaýyny meýletin habar beren we hassahana barlan adamlar" diýip, Seleznyýow aýtdy.

"Indi olar karantinde, emma olara hiç hili maglumat berilmeýär ýa-da gapma-garşy maglumatlar berilýär. Käbirleri üç, dört, 10 ýa-da 15 gün ozal barlag üçin nusgalyk berdi. Emma olaryň barlaglarynyň netijeleri henize-bu güne çenli belli däl. Olar ne karantinden boşadylýar, ne-de synaglaryň oňyn ýa tersin netije berendigini anyklap bilýär" diýip, Seleznyýow sözüniň üstüni ýetirdi.

"Agora" şuňa meňzeş maglumatlary toplaýar we Saglyk ministrligine hasabat berýär.

Ýene bir jemgyýetçilik başlangyç bolsa, pesinden 20-nji maýa çenli jaý üçin alnan karzlaryň (ipoteka) tölegine maratoriýa girizilmegini talap edýän onlaýn petisiýasy boldy. Bu petisiýa 25-nji marta çenli gol çekenleriň sany 160 müňden geçdi.

"Rus raýatlarynyň 3,5 milliondan gowragy, ykdysady taýdan iň işjeň bölek öýde galyp bilmeýär, sebäbi olar her aýda jaý üçin alan karzlaryny tölemeli" diýip, petisiýada aýdylýar.

"Jaý karzlarynyň tölegine arakesme berilmegi stressi (basyşy) azaldýar we adamlara öýlerinde galyp, kesel ýokaşmagynyň iň agyr döwrüni arkaýynlykda geçirmeklerine we öz gözýetimlerini giňeltmek bilen meşgullanyp bilmeklerine kömek edýär" diýip, bu başlangyjyň guramaçylary pikir edýär.

Ýene bir taslama "Antijob.net" bolsa öz öňünde durnuksyz iş şertleri barada maglumat ýygnamak we "özbaşdak işlemek" ýa-da şuňa meňzeş şertnamalar esasynda işleýän adamlara kanuny iş şertnamalarynyň berilmegini we COVID-19 pandemiýasy wagtynda işçileri goramak wezipesini goýdy.

"Häzirki ýagdaý gaty erbet" diýip, taslamany guraýjy Andreý Malygin aýdýar. "Öýde galmak bilen wirusy togtatmak üçin elinden gelenini etmek isleýän adamlar, öz-özlerni izolirläp ýa-da syrkaw wagtynda öýlerinde galyp bilmeýärler, hatda dynç günleri hem düzüwli dynç alyp bilmeýärler" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Internet ägirdi “Yandex” 20-nji martda wirus ýokaşan ýa-da karantine iberilen sürüjilerine we kurýerlerine maliýe kömegini berjekdigini yglan edip, uly görelde görkezdi.

Lukmanlar we hereket bileleşigi ýaranlygy saglyk hünärmenbleriniň garaşsyz bileleşigi bolup, hassahanalaryň köpüsinde zerur bolan taýýarlygyň ýoklugy, şol sanda lukmançylyk maskalarynyň ýetmezçiligi barada häkimiýetlere habar berýär.

Makala Sankt-Peterburgdan habarçylar Lýubow Çijowa bilen radionyň Rus gullugynyň Demirgazyk bölüminden Aleksandr Litoýyň beren maglumatlary esasynda, AÝ/AR-nyň uly habarçysy Robert Koalson tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG