Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan koronowirus sebäpli girizen çäklendirmelerini giňeldýär


Gazagystanda tassyklanan koronowirus hadysalary 120-ä ýetdi.
Gazagystanda tassyklanan koronowirus hadysalary 120-ä ýetdi.

Gazagystan ýurduň esasy iki uly şäherindäki çäklendirmeleri güýçlendirip, koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleriň çäginde, kompaniýalaryň köpüsiniň indiki hepde işini togtatmagyny buýurdy.

27-nji martdaky çäklendirmeler ýene bir topara adama wirus ýokuşandygy habar berlip, hökümet tarapyndan tassyklanan koronowirus hadysalarynyň 120-ä ýetmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Tassyklanan hassalaryň köpüsi Gazagystanyň iň uly şäherleri bolan Nur-Soltanyň we Almatynyň ýaşaýjylary bolup durýar.

Bir gün bolsa ýurt özüniň COVID-19 sebäpli ilkinji ölümini tassyklady. Hökümet Nur-Soltanyň we Almatynyň ýaşaýjylarynyň, 28-nji martdan başlap,işe, azyk ýa-da derman almaga gitmekden başga ýagdaýlarda, öýlerinden çykmagyny gadagan etdi.

Kärhanalaryň köpüsiniň işiniň togtadylmagy baradaky buýruk hem 28-nji martdan güýje girýär.

Şeýle-de häkimiýetler, wirus ýaýramagynyň öňüni almak üçin, şäherara transport terminallarynyň ählisini, Şymkentdäki, Gazagystanyň üçünji uly şäherindäki jemgyýetçilik ýerlerini ýapdylar diýip, hökümet aýtdy.

XS
SM
MD
LG