Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19: Gazagystan çäklendirmeleriň gerimini artdyrýar; Özbegistanda ilkinji adam öldi


Saglyk işgäri Almatyda keselhana gelen ýaşaýjynyň temperaturasyny ölçeýär. 26-njy mart
Saglyk işgäri Almatyda keselhana gelen ýaşaýjynyň temperaturasyny ölçeýär. 26-njy mart

Dünýäde koronawirusdan heläk bolanlaryň sany 24 müň adamdan geçdi, şeýle-de wirusa 534 müň adam ýolugdy. Hökümetler täze respitator hassalygynyň ýaýramagynyň öňüni aljak bolup tagalla edýärler.

AÝ/AR gepleşik berýän ýurtlaryndaky ýagdaýa syn etmegini dowam etdirýär.

Gazagystan

Gazak hökümeti ýurduň iň iri iki şäherinde çäklendirmeleriň gerimini artdyrdy. Häkimiýetler wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, öňümizdäki hepdeden başlap kompaniýalaryň aglabasyna işlerini togtatmaga görkezme berdiler. Koronawirusa ýokuşanlaryň köpüsi paýtagt Nur-Soltanda we ýurduň iň iri şäheri Almatyda hasaba alyndy.

Mundan bir gün öň, Gazagystanda COVID-19 wirusyndan ilkinji adamyň ölendigi habar berildi. 28-nji martdan başlap Nur-Soltanda we Almatyda, iş zerurlygy, azyk ýa derman satyn almak üçin bolaýmasa, ýaşaýjylara öýlerinden çykmak gadagan edildi.

Bu iki şäherdäki kärhanalaryň aglabasy hem işlerini şenbe gününden başlap togtadyrlar.

Gazagystanyň iň iri üçünji şäheri Şymkentde hem, wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde, şäherara transport terminallary we jemgyýetçilik ýerleri ýapyldy.

Özbegistan

Goňşy Özbegistanda koronawirusdan ilkinji adamyň ýogalandygy mälim edildi. Beýleki nähoşlyklardan hem ejir çeken 72 ýaşyndaky erkek kişi Namangan şäherinde dünýäden ötdi.

27-nji martda ir bilen berlen maglumatlara laýyklykda, Özbegistanda wirus bilen 75 adamyň keselländigi tassyklandy.

Mundan bir gün öň, resmiler Samarkant, şeýle-de Fergana jülgesindäki Namangan we Andijon şäherlerinde çäklendirmeleri girizdiler.

Şäherlerde ulagyň girmegi we çykmagy gadagan edildi. Bu çäklendirme ýük, howpsuzlyk we hökümet ulaglaryna degişli däl.

Paýtagt Daşkente 24-nji martdan bäri ähli ýolagçy ulaglaryň girmegi we çykmagy gadagandyr.

Gyrgyzystan

Merkezi Aziýanyň ýene bir ýurdy Gyrgyzystan 27-nji martda wirusa täze 14, umumy hasapda 58 adamyň ýokuşandygyny aýtdy.

Şu hepdäniň başynda gyrgyz resmileri paýtagt Bişkekde we ýurduň başga-da birnäçe şäherinde adatdan daşary ýagdaýy yglan etdiler.

Sebitiň beýleki iki döwleti, ýagny Türkmenistan we Täjigistan wirusa ýolugan ýeke ýagdaý barada hem habar bermediler.

Russiýa

Russiýa hökümetiň koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalaryny güýçlendireninden soňra, 27-nji martda ýurt boýunça ähli restoranlary we kafeleri ýapmak barada görkezme berildi. Bu görkezme 28-nji martdan başlap güýje girer.

Russiýada wirusa täze 196 adamyň ýokuşyp, umumy sanyň 1 müň 36 bolandygy mälim edildi.

Hökümet ähli dynç alyş we saglyk kurortlarynyň hem ýapylmagyna görkezme berdi.

Prezident Wladimir Putin 28-nji mart-5-nji aprel aralygyndaky hepdäni tutuş ýurt boýunça iş günleri däl diýip yglan etdi. Ol bu baradaky kararyň “wirusyň tiz ýaýramak howpunyň öňüni almak” maksady bilen kabul edilendigini aýtdy.

Rus hökümeti ähli halkara uçuşlaryny hem togtatdy.

Moskwada häkimiýetler ýaşaýjylary öýlerinden çykmazlyga çagyrýarlar.

Russiýada wirus bilen kesellänleriň aglabasy Moskwada hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG