Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranda koronowirus sebäpli ýene 144 adam ýogaldy


Hökümetiň metbugat wekili Ali Rabiei syýahat meselesinde berlen maslahatlary almazlygyň döredýän howp-hatarlary barada duýduryş berdi.
Hökümetiň metbugat wekili Ali Rabiei syýahat meselesinde berlen maslahatlary almazlygyň döredýän howp-hatarlary barada duýduryş berdi.

Eýran koronowirus sebäpli ýene 144 adamyň heläk bolandygyny habar berdi, häkimiýetler wirisyň aýýramgyny togtamak ugrundaky tagallalaryny dowam etdirýärler, tassyklanan wirus hadyslarynyň artmagy netijesinde, keseliň ýene 2 400-e golaý adama ýokuşandygy aýdylýar.

Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kiýanoş Jahanpour 27-nji martda Eýranda wirus ýokuşanlaryň tassyklanan umumy sanynyň azyndan 32,332 adam bolandygyny aýtdy.

Eýran, Hytaý, Italiýa we Ispaniýa, indi bolsa Birleşen Ştatlar bilen bir hatarda, koronowirusyň iň agyr zarba ýurtlarynyň biri bolup durýar.

Häkimiýetler şu hepdäniň başynda, eýranlylaryň köpüsi öýde galmak barada ozal berlen maslahatlary almansoň, 20-nji martda pars Täze ýylyndan öň girizilen syaýaht gadaganlyklarynyň üstesine, täze syýahat gadaganlyklaryny girizdiler.

Hökümetiň metbugat wekili Ali Rabiei 25-nji martda syýahat meselesinde berlen maslahatlary almazlygyň döredýän howp-hatarlary barada duýduryş berdi.

“Bu koronowirusyň ikinji tolkunyna sebäp bolup biler” diýip, Rabiei döwlet TW-sine aýtdy.

Prezident Hassan Rohani häkimiýetleriň wirus ýaýramasyny iki hepde içinde togtatjakdygyny wada berdi.

Emma muňa garamazdan, wirus ýokuşanlaryň köpelmegi, ýurduň saglyk ulgamynyň ýokanç keseliň örňemegine garşy durmakdan ejiz gelmegi baradaky gorky-aladalar bu berlen wadanyň ýerine ýetiriljegine şübhe döretdi.

XS
SM
MD
LG