Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

105 müňe golaý adamda tassyklanmagy bilen, ABŞ koronowirus ýokuşmalarynyň öňüni çekýär


Işçiler Nýu-Ýork şäherinde wagtlaýyn hassahanalary gurýarlar. 25-nji mart, 2020.
Işçiler Nýu-Ýork şäherinde wagtlaýyn hassahanalary gurýarlar. 25-nji mart, 2020.

Birleşen Ştatlarda ýokanç keseliň ýaýramagynyň öňüni almak ugrundaky tagallalaryň güýçlendirilmegi bilen, koronowirus hadysalarynyň 105 müňe golaýy tassyklandy.

Ýokanç wirusyň iň köp ýaýran ýeri Nýu-Ýork bolup, bu şäherdäki hassahanalar näsagdan doldy.

John Hopkins uniwersitetiniň maglumatyna görä, 28-nji mart güni irden 104,829 sany koronowirus ýokuşanyň tassyklanmagy bilen, Birleşen Ştatlarda Italiýadaka garanda 20 müňe golaý kän koronowirus näsagy bar.

Italiýa wirus ýokuşanlaryň sany boýunça ikinji orunda durýar.

Hytaý, COVID-19 hadysalarynyň ilkinji kesgitlenen ýurdy, 82 müňe golaý wirus näsagy bilen üçünji orunda durýar.

28-nji martda ABŞ-da bu dertden ölenleriň sany 1711 adam boldy. Umuman alanyňda, dünýäde bu kesel bilen bagly 27,371 ölüm hasaba alyndy.

XS
SM
MD
LG