Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azerbaýjan koronowirus sebäpleri düzgünleri berkidýär


Bakuw metrosynyň Bakmil stansiýasy.

Azerbaýjan 29-njy martdan başlap, COVID-19-yň ýaýramagyny haýallatmak üçin, özüniň karantin düzgünlerini pugtalandyrýar.

Ýurduň regionlarynyň we şäherleriniň arasyndaky awtoulag gatnawlary, käbir kadadan çykmalar esasynda, gadagan ediler diýip, hökümet 27-nji martda aýtdy. Bu gadagançylyk saglyk, durmuş hyzmatlary, obasenagat awtoulaglaryny öz içine almaýar.

Bakuwyň metro ulgamy günde diňe bäş sagat işlär.

Restoranlar, kafeler, çaýhanalar we dükanlar, azyk dükanlaryndan we dermanhanalardan başga, ýapyk bolmagynda galar.

Günorta kawkaz ýurdy 25-nji martda ýurtda 165 sany koronowirus hadysasyny tassyk etdi, üç adamyň ölendigini aýtdy.


Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG