Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gazagystanda koronowirus ýokuşanlaryň sany 200-den geçdi


Saglyk işgäri kelle termometri bilen raýatyň gyzgynyny ölçeýär. Almaty, 26-njy mart, 2020.

Gazagystanda koronowirus ýokuşanlaryň sany 28-nji martda 200-den geçdi, hökümet COVID-19-yň ýaýramagynyň öňüni almak tagallalarynyň çäginde çäklendirmeleriň gerimini giňeldýär.

Ýurduň Saglyk ministrliginiň maglumatyna görä, bu kesele ýene 11 adamyň ýolugandygy hasaba alyndy we koronowirus näsaglarynyň umumy sany 204-e ýetdi.

Günorta Gazagystan we Gyzylorda regionlarynda ilkinji koronowirus hassalary hasaba alyndy.

Paýtagt Nur-Soltanda, ýurduň iň uly şäheri Almatyda köp kompaniýanyň işini togtatmagy buýruldy, 28-nji martdan başlap raýatlaryň iş, azyk we derman aladalary bolmasa, öýde oturmaklary talap edilýär.

Häkimiýetler şäherara ulag-aragatnaşyk terminallarynyň ählini ýapdylar, Gazagystanyň üçünji uly şäheri Şymkentde jemgyýetçilik ýerleri ýapyldy.

Ýurtda ilkinji koronowirus ölümi habar berildi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG