Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet serhetlerini ýapýar, koronowirusdan ölenleriň sany 7-ä ýetdi


Saglyk işgärleri ýolagçylaryň gyzgynyny barlaýarlar.
Saglyk işgärleri ýolagçylaryň gyzgynyny barlaýarlar.

Orsýetde, soňky 24 sagatda täze 270 näsagyň hasaba alynmagy bilen, kesel ýokuşanlaryň umumy sany 1 müň bäş ýüzden geçdi.

Täze koronowirusyň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, Orsýet 30-njy martdan öz serhetlerini ýapmaga başlaýar diýip, hökümet saýtynda 28-nji martda habar berildi.

Hökümet bu çäräniň rus diplomatlaryna we ýük awtoulaglarynyň sürüjilerine degişli bolmajakdygyny aýtdy.

Bu habar ýurduň saglyk resmileriniň koronowirus bilen bagly ýene üç adamyň ýogalandygyny yglan etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Saglyk resmileriniň 28-nji martda beren maglumatyna görä, Orsýetde täze koronowirus ýokuşanlaryň umumy sany 1264 adam bolup, olaryň 49 sanysy gutuldy.

Ýogalanlaryň ikisiniň Sankt-Peterburgdan we Orenburg sebitindendigi, üçünji pidanyň paýtagt Moskwada ýaşandygy habar berildi.

XS
SM
MD
LG