Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ermenistan koronowirs bilen bagly ikinji we üçünji ölümi habar berýär


Ermeni polisiýasy düzgüni bozana jerime salýar. 28-nji mart, 2020.

Ermenistan koronowirus ýokuşan iki adamyň ölendigini habar berdi, bu sanlar kawkaz ýurdunda bu keseliň pidalarynyň jemi sanynyň üçe ýetendigini görkezýär.

Saglyk ministri Arsen Torosian 28-nji mart güni giçlikde feýsbukda Ýerewanyň Nork ýokanç keselliler hassahanasynda soňky sagatlarda iki adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Ol pidalaryň 55 ýaşyndaky aýal bilen 73 ýaşyndaky erkek bolandygyny, olaryň kornowirus bilen bir hatarda hroniki kesellerden hem ejir çekendigini aýtdy.

Ermenistan 26-njy martda COVID-19 diagnozy goýlan näsaglaryň arasyndaky ilkinji ölümi, başga-da birnäçe keselden ejir çeken 72 ýaşly aýalyň ýogalandygyny habar berdi.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan 28-nji mart güni giçlik günüň dowamynda koronowirus hadysalarynyň ýene-de 35 sanysynyň ýüze çykarylandygyny aýtdy.

Ermenistanyň saglyk ministrligi 29-njy martda ýurtdaky koronowirus hassalarynyň umumy sanynyň 424-e ýetendigini aýtdy.

Ermenistandaky adatdan daşary ýagdaý 16-njy martda yglan edildi we azyndan 14-nji aprele çenli dowam eder.

Ermeni hökümeti 25-nji martda ýurt boýunça bir hepdelik özüňi üzňeleşdirmek düzgünini girizdi we raýatlaryň hereketlerini çäklendirdi. Bu buýrukda adamlaryň diňe iş rugsady berlen ýagdaýynda we azyk, derman almak, maşk etmek ýaly möhüm sebäpler esasynda öýlerinden çykyp bilýändigi aýdylýar.

Ermeni polisiýasy 28-nji martda, özüňi üzňeleşdirmek düzgünlerini bozandygy sebäpli, 1,889 adama jerime salnandygyny aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG