Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dünýäde koronowirusdan ölenleriň sany 30 müňden geçdi, Trump Nýu-Yorkuň 'karantin' howpuny yzyna alýar


Donald Tramp bu kararyň Ak tamyň Koronawirus iş toparynyň teklibi bilen kabul edilendigini aýtdy.
Donald Tramp bu kararyň Ak tamyň Koronawirus iş toparynyň teklibi bilen kabul edilendigini aýtdy.

Dünýäde koronowirusdan ölenleriň umumy sany 30 müňden geçdi, olaryň üçden iki bölegi Ýewropada ýogaldy, Birleşen Ştatlar koronowirus ýokuşanlaryň sanynyň dünýädäki iň ýokary ýurdy boldy.

Keseliň agyr zarba uran Nýu-Ýork ştatynda koronowirus ýokuşanlarynyň tassyklanan sanynyň çalasyn ýokarlanmagyna garamazdan, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp, ýerli syýasy ýolbaşçylaryň berk gaýtawulyndan soň, regiony karantin astynda goýmazlyk kararyna geldi.

Trump bu kararyň Ak tamyň Koronawirus iş toparynyň teklibi bilen kabul edilendigini aýtdy.

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda 29-njy martda 124 müňden gowrak tassyklanan wirus ýokuşmasy bar.

Dünýäde bu wirusdan ölenleriň sany 30 müň 852-den geçdi, diňe Ýewropada 20 müňden gowrak adam öldi, Italiýada we Ispaniýada 28-nji martda bir günde 800-den gowrak adamyň ölendigi habar berildi.

ABŞ-daky Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, bu kesel dünýäde 665 müň adama ýokaşdy.

Şu aralykda, koronawirus pandemiýasynyň uç alan ýeri bolan Wuhan şäheri, iki aýlap ýapylmadan soň, kadaly ýagdaýa gelip başlady.

XS
SM
MD
LG