Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ýurtda wirusdan ölenleriň 2,640 bolandygyny aýdýar


Hassan Rohani koronowirus bilen baglylykda Eýrandaky “täze durmuş ýolunyň” uzak boljaga meňzeýändigini aýtdy. 
Hassan Rohani koronowirus bilen baglylykda Eýrandaky “täze durmuş ýolunyň” uzak boljaga meňzeýändigini aýtdy. 

Ýurduň koronowirusdan ölenleriň sanynyň 2640 bolandygyny yglan etmegi bilen, prezident Hassan Rohani koronowirus pandemiýasy bilen baglylykda Eýrandaky “täze durmuş ýolunyň” uzak boljaga meňzeýändigini aýtdy.

Eýran bu wirusyň has erbet täsir ýetiren ýurtlarynyň biri boldy, şol bir wagtda ekspertler ýerli we daşary ýurt mediasynyň maglumatlaryny berk kontrol astynda saklamaga çalyşýan yslam režiminiň çap edýän resmi sanlaryna şübheli garaýarlar.

Eýranyň Saglyk ministrliginiň geňeşçisi Alireza Wahabzadeh 29-njy martda twitterde wirusdan ölenleriň sanynyň 2640-a barandygyny, kesel ýokuşan adamlaryň sanynyň 38309 bolandygyny habar berdi.

Eýranyň Saglyk ministrliginiň metbugat wekili Kianuş Jahanpur döwlet TW-sine wirus ýokuşanlaryň3,467 çemesiniň ýagdaýynyň agyrdygyny aýtdy.

Şu aralykda Rohani 29-njy martaky hökümet mejlisinde “Biz bu wirus bilen şu wagta çenli tapylmadyk bejergi usuly ýa waksina tapylýança bile ýaşamaga taýýar bolmaly” diýdi.

"Biziň kabul eden täze durmuş ýolumyz” her kimiň bähbidine” diýip, olgirizilen üýtgeşiklikleriň belli bir wagta çenli saklanyp galjaga meňzeýändigini hem sözüne goşdy.

Tähran 25-nji martda şäherara syýahatlarynyň ählisini azyndan 8-nji aprele çenli gadagan etdi.

XS
SM
MD
LG