Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda COVID-19 sebäpli ähli aeroportlar ýapyldy, kesellänleriň sany 145 adama ýetdi


Daşkentiň halkara aeroporty

Özbegistanda ähli aeroportlaryň işi togtadyldy. 32 million ilatly ýurduň häkimiýetleri munuň bilen koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmaga synanyşýar.

Daşary işler ministrliginiň beýanatyna görä, aeroportlaryň işi 30-nji martda togtadylyp we bu ýagdaý 20 aprele çenli dowam eder.

Hökümetiň ýörite komissiýasy Özbegistanyň paýtagtynyň we beýleki şäherleriniň arasyndaky ähli ulag gatnawlaryny çäklendirdi. Bu çäklendirmeleriň dowam etjek wagt möhleti aeroportlaryň ýapylýan döwrüne gabat gelýär.

Özbegistanda koronawirus bilen kesellänleriň tassyklanan sany 30-nji martda irden 145 adama ýetdi. Resmi maglumatlara görä, olardan iki adam ýogalypdyr.

Gyrgyzystanda Içeri işler ministrligine görä, koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça girizilen çäklendirmeleri bozan 1 087 adam 30-njy martda polisiýa tarapyndan tussag edilipdir. Çäklendirmelere görä, agşam sagat 8-den ir sagat 7 çenli adamlaryň köçä çykmagy we ulaglaryň hereketi gadagan edilýär.

Gyrgyzystanda koronawirus bilen kesellänleriň sany 84 adama ýetdi.

Gazagystanda 30-njy martda ýene 10 adam koronawirus bilen hasaba alyndy, tutuş ýurt boýunça umumy san 294 adama ýetdi.

Merkezi Azýanyň ýene iki ýurdunda Türkmenistanda we Täjigistanda häkimiýetler koronawirusyň ýokdugyny aýdýarlar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG