Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Orsýet serhetleri ýapýar, Moskwa koronawirusyň ýaýramagyna garşy çäreleri güýçlendirýär


Orsýetiň Milli gwardiýasynyň wekilleri pensionerler bilen gürleşýär, 25-nji mart, 2020

Orsýet 30-nji martdan başlap serhetlerini ýapýar, Moskwa ýaşaýjylaryndan öýlerinde galmagy talap edýär, Baş prawoslaw ruhanysy dinçileri ybadathanalara barman öýlerinde galmaga çagyrýar.

Orsýet hökümetiniň aýtmagyna görä, serhetleriň ýapylmagy rus diplomatlaryna, we hususan-da ýük ulaglara degişli bolmaz.

Moskwanyň häkimiýetleri koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin 30-njy martda öz raýatlary babatynda has berk çäreleri girizdi.

Paýtagtyň ýaşaýjylaryna diňe öýüniň golaýyndaky dükandan azyk ýa-da derman satyn almak, zerur medisina hyzmatyndan peýdalanmak, itlerini gezdirmek ýa-da hapalary taşlamak üçin daşary çykmaga rugsat beriler. Işleýänler hem öýlerinden çykyp bilerler. Häkimiýetler ýakyn günlerde rugsat hatlary sistemasyny girizerler.

Orsýetde koronawirus bilen kesellänleriň tassyklanan sany 1500 müň adamdan aşdy. Soňky gije-gündizde 270 adam keselledi.

Orsýetiň koronawirusa garşy göreş merkezi 29-njy martda 8 adamyň ýogalandygyny habar berdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG