Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wengriýanyň parlamenti premýer-ministr Orbana täze ygtyýarlyk berýän kanunyň taslamasyny tassyklamaga taýýarlanýar


Wengriýanyň premýer-ministr Wiktor Orban parlamentiň maslahatynda, Budapeşt, 23-nji mart, 2020

Wengriýanyň parlamenti sagçy premýer-ministr Wiktor Orbana koronawirus pandemiýasyna garşy göreş boýunça adatdan daşary ýagdaýyň dowamynda täze ygtyýarlyklary bermek boýunça kanunyň taslamasyny 30-njy martda tassyklamagyna garaşylýar.

Kanun hökümete 11-nji martda yglan edilen adatdan daşary ýagdaýy w onuň bilen bilelikde öz ygtyýarlygyny belli bolmadyk wagta çenli uzaltmaga mümkinçilik berer.

Kanunyň taslamasynyň kabul ediljegi gaty ähtimal sebäbi Orbanyň "Fidesz" partiýasy parlamentde agdyklyk edýär we orunlaryň üçden iki bölegini eýeleýär. Kanunyň taslamasy adam hukuklaryny goraýjy toparlaryň, Ýewropa Bileleşiginiň we BMG-niň berk tankydyna eýe boldy.

XS
SM
MD
LG