Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rumyniýa Suçewa şäherini we onuň töweregindäki sekiz obany karantin astyna aldy


Suçewa şäherindäki saglyk edarasy
Suçewa şäherindäki saglyk edarasy

Rumyniýanyň hökümeti koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmak üçin ýurduň demirgazyk-gündogaryndaky Suçewa şäherini we onuň töweregindäki sekiz obany karantin astyna aldy. Rumyniýada koronawirus ýokuşan adamlaryň dörtden bir böleginden gowragy bu regionda hasaba alyndy.

Içeri işler ministri Marsel Wela (Marcel Vela) “6-njy Harby buýruk” diýlip atlandyrylýan bu çäräni 30-njy martda giçlik yglan etdi. Ýurduň polisiýasy hem-de goşuny Suçewa barýan ähli ýollary we awtomagistrallary petiklendi. Häzirki wagt bu sebitde diňe ýük daşaýan ulaglaryň geçmegine rugsat berilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň agzasy Rumyniýa 16-njy martda adatdan daşary ýagdaýy yglan etdi. Bu ýurtda häzire çenli 2109 adama koronawirus ýokuşdy we bu keselden 65 adam öldi.

Ilatynyň sany 100 müňden gowrak bolan Suçewada 593 adamyň koronawirus bilen keselländigi hasaba alyndy we ýurtda bu wirusdan ölenleriň üçden bir bölegi bu şäherde heläk boldy.

Saglygy goraýyş ministri Nelu Tataru sebitde koronawirusyň ýaýramagyna ýerli hassahanadaky ýaramaz dolandyryşyň sebäp bolandygyny aýtdy. Ol bu ýerde wirus ýokuşan medisina işgärleriniň sagdyn kärdeşleri bilen duşuşmagyna rugsat berlendigini we adamlaryň öz-özüňi izolýasiýa etmek düzgünlerine hormat goýmaýandygyny hem belledi.

Sebitdäki karantin apreliň ortasyna, ýagny ýurtdaky 30 günlük adatdan daşary ýagdaýyň soňky gününe çenli dowam eder.

XS
SM
MD
LG