Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rustam Emomali Täjigistanyň parlamentiniň Ýokary öýüniň agzalygyna saýlandy


Rustam Emomali
Rustam Emomali

Duşenbe şäheriniň ýolbaşçysy, Täjigistanyň prezidentiniň uly ogly Rustam Emomali Milli mejlisiň, ýagny parlamentiň Ýokary öýüniň agzalygyna saýlandy. Duşenbe şäher we paýtagt raýonlarynyň mejlisiniň halk deputatlarynyň 27-nji martda bilelikde geçen 1-nji sessiýasynda, oňa 217 deputat ses berdi.

Ondan daşary-da, Tehnologiýa uniwersitetiniň rektory Ilhom Amonzoda (Ferdawsi raýonyndan), Täjigistanyň döwlet medisina uniwersitetiniň rektory Mahmadşo Gulzoda (Şomansur raýonyndan), Täjigistanyň milli uniwersitetiniň ýuridiki fakultetiniň dekany Dilşod Rahmon (Ismoil Somoni raýonyndan) we şol raýonyň Sino etrabynyň halk magaryf bölüminiň müdiri Lola Odilbekowa parlamentiň Ýokary öýüniň agzalygyna saýlandylar.

Oppozisiýa Emomali Rahmonyň alyp barýan syýasatynyň ýurt üçin pozitiw däldigini, onuň garyndaşparazlygyny, prezidentiň maşgalasynyň proteksionizme, ýagny ýurduň ýokary wezipeli orunlaryna tanyşlyk üsti bilen adam çekmekde korrupsiýa batandygyny tankytlaýar. Täjik hökümeti bu aýyplamalary ret edýär.

Ýerli ekspertler hem syýasy bilermenler Rustam Emomaliniň Milli mejlisiň spikerligine saýlanmagynyň mümkindigini aýdýarlar. Şeýle bolsa ol ýurtda Täjigistanyň prezidentinden soňraky resmi taýdan ikinji adam saýylýar. Täjigistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, parlamentiň Ýokary öýüniň spikeri ýurduň prezidenti iş ukybyny ýitiren ýagdaýynda ýa-da öz wezipesini wagtyndan öň tamamlasa, täze saýlawlar geçýänçä, ol prezidentiň wezipesini ýerine ýetirip bilýär.

2000-nji ýyldan bäri Täjigistanyň Milli mejlisine Mahmadsaid Ubaýdulloýew baştutanlyk edýär.

Täjigistanyň saýlawlar we referendumlar baradaky Merkezi komissiýasynyň başlygy 27-nji martda Täjigistan respublikasynyň Milli mejlisiniň täze çagyrylyşyna geçirilen saýlawlaryň doly amala aşandygyny aýtdy. Şol sanda köp mandatly saýlaw okruglaryndan 25 adamyň Täjigistanyň parlamentindäki Milli mejlise, ýagny Ýokary öýüne saýlanandygy-da mälim etdi.

Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Bahtiýor Hudoýorzoda bu komissiýanyň nobatdaky maslahatynda, Milli mejlisiň täze çagyrylyşy üçin geçirilen saýlawlaryň kanuna laýyk hasap edilýändigini-de aýtdy.

Täjigistanyň Milli mejlisiniň 33 agzasy bar, olardan 25 agza gizlin ses bermek arkaly welaýat, şäher we raýon ýerli deputatlaryň maslahatynda saýlanýar. 8 agzany bolsa Täjigistanyň prezidenti belleýär. Şonuň bilen birlikde Täjigistanyň öňki prezidenti hem Milli mejlisiň ömürlik agzasy bolýar, ýöne onuň bu wezipeden meýletin çekilmäge hukugy bar.

Rustam Emomali 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri paýtagt mejlisiniň deputatydyr. Ol üç aý mundan owal paýtagt administrasiýasynyň ýolbaşçylygyna bellendi. Ondan öň prezidentiň uly ogly Rustam Täjigistan hökümetiniň ýanyndaky Gümrük gullugynyň ýolbaşçysy, Täjigistan respublikasynyň döwlet maliýe kontrollygy we korrupsiýa garşy göreş Agentliginiň başlygy bolupdy. Rustam Emomali 2012-nji ýyldan bäri Täjigistanyň futbol Federasiýasyna ýolbaşçylyk edýär.

Bilermenleriň çaklamasyna görä, Rustam Emomali Täjigistanyň prezidenti wezipesine iň ýakyn durýan kandidatdyr. Täjigistanda prezidentlik saýlawlary şu ýylyň güýzüne bellendi. Ýöne häzirlikçe ne häzirki prezident Emomali Rahmon, ne-de onuň ogly oňa gatnaşjakdygy barada beýanat etmediler.

Häzirki wagtda prezident Emomali Rahmonyň gyzy Ozoda Rahmon Milli mejlisiň agzasy hem-de döwlet baştutanynyň apparatynyň ýerine ýetiriji ýolbaşçysy bolup durýar. Onuň adamsy Jamoliddin Nuraliýew Täjigistanyň Milli bankynyň başlygynyň 1-nji orunbasary wezipesini eýeleýär.

Prezidentiň beýleki giýewi Şamsullo Sohibow ýuridiki taýdan ZAO «Faroz» kärhanasynyň ýeke-täk eýesi hasaplanýar, şeýle hem ol Milli Olimpia komitetiniň prezidentiniň orunbasarydyr.

Täjigistanyň prezidentiniň beýleki gyzy Zarrina Rahmon «Orionbankyň» ýolbaşçysynyň orunbasary. Bankyň ýolbaşçysy Zarrinanyň daýysy Hasan Asadullozoda, ol Emomali Rahmonyň aýalynyň doganydyr. Prezidentiň beýleki bir gyzy Ruhşona Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara guramalary uprawleniýesiniň başlygynyň orunbasary wezipesini eýeleýär.

Prezidentiň gudasy Beg Sabur bolsa Täjigistan hökümetiniň ýanyndaky Aragatnaşyk gullugyna ýolbaşçylyk edýär.

Emomali Rahmon 1992-nji ýyldan bäri Täjigistany ýeke özi dolandyryp gelýär.

Material AÝ/AR-nyň Täjik gullugy tarapyndan taýýarlandy.

XS
SM
MD
LG