Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan koronawirusdan ölen ikinji adamy resmi derejede hasaba aldy


Gazagystanyň barlag nokatlarynda ýörite gorag geýmindäki işgärler resminamalary barlaýarlar.
Gazagystanyň barlag nokatlarynda ýörite gorag geýmindäki işgärler resminamalary barlaýarlar.

Gazagystan, 50 ýaşly adam ýurduň keselhanasynda aradan çykandan soň, koronawirus bilen bagly ölen ikinji adamy resmi derejede hasaba aldy.

Gazak paýtagty Nur-Sultanyň Saglyk departamentiniň başlygy Saule Kisykowanyň habarçylara aýtmagyna görä, koronawirus bilen kesellän we mundan 10 gün ozal keselhana ýerleşdirilen 50 ýaşly adam 31-nji martda aradan çykdy.

Mundan öň, 26-njy martda Nur-Soltanyň töweregindäki Akmola sebitinde koronawirus bilen kesellän 65 ýaşly bir aýal aradan çykypdy.

Gazagystanyň saglyk resmileriniň maglumatyna görä, 31-nji martda ýurtda koronawirus ýokuşan adamlaryň jemi sany 325-ä ýetdi.

Goňşy Gyrgyzystanyň Bişkek şäherinde adamlaryň garyndaşlaryna we dostlaryna barmagy, şeýle-de maşgala agzalaryny hasaba almazdan, üçden köp adamyň bir ýerde jemlenmegi gadagan edildi.

Şeýle-de, gyrgyz paýtagtynda ulaglaryň “gereksiz” ulanylmagy gadagan edilen mahaly, şahsy ulag sürüjilerinden, iş berijileri tarapyndan berlen ýörite kagyz arkaly, özleriniň işe barýandygyny ýa-da işden gelýändigini subut etmek talap edilýär.

31-nji martda goňşy Özbegistanda koronawirus bilen kesellänleriň umumy sanynyň 158 adama ýetendigi, şol sanda iki adamyň ölendigi resmi derejede tassyklandy.

Merkezi Aziýanyň beýleki iki ýurdunda – Türkmenistanda we Täjigistanda – häzire çenli koronawirus bilen kesellän adamlaryň ýokdugy aýdylýar. Bu iki ýurt hem berk gözegçilikde saklanýar.

XS
SM
MD
LG