Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AÝ/AR Täjigistanyň koronawirus baradaky habarlara goşulmak synanyşygyny tankytlady


Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly)
Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly)

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň prezidenti Jeými Flaý (Jamie Fly) täjik hökümetiniň guramanyň Täjik gullugynyň (Radio Ozodi) bu Merkezi Aziýa ýurdundaky koronawirus pandemiýasy barada habar bermek tagallalaryna päsgelçilik döredýändigi üçin tankytlady.

Flaý 31-nji martda Täjigistanyň daşary işer ministri Sirojiddin Muhriddine ýollan hatynda täjik hökümetiniň Radio Ozodiniň işine gatyşmak synanyşyklaryna alada bildirdi.

Ol pandemiýanyň ýaýramagynyň fonunda resmileriň Radio Ozodiniň habarçylary bilen duşuşmakdan ýüz öwürýändiklerini, şeýle-de habarçylaryň jemgyýetçilik saglyk brifinglerinden çetde tutulýandygyny belledi.

Flaýyň bu baradaky haty Täjigistanyň Daşary işler ministrliginiň Radio Ozodiniň habarçylaryny akreditasiýa etmek baradaky uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän haýyşy boýunça 1-nji aprelde çykarmaly kararynyň öňýanyna gabat geldi.

Ministrlik geçen oktýabrdan bäri Radio Ozodiniň habarçylarynyň we işgärleriniň 18-ne doly bir ýyllyk akreditasiýany bermekden saklanyp gelýär. Olaryň käbiriniň akreditasiýasy 1-nji noýabrda gutardy, käbiri hem ministrlik tarapyndan yzyna alyndy.

21-nji ýanwarda Täjigistanyň Daşary işler ministrligi býuronyň dört işgärine, şol sanda sürüjisine hem alty aý möhlet bilen akreditasiýany berendigini mälim etdi. Ministrlik ýedi sany beýleki žurnalistiň, şol sanda býuronyň ozalky başlygynyň akreditasiýa meselesine entek garalýandygyny aýtdy. Täjik gullugy akreditasiýa meselesiniň uzaga çekendigi sebäpli, Täjigistandaky býurosynyň başlygyny täzelemäge mejbur galdy.

XS
SM
MD
LG