Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

ABŞ ‘agyr günlere’ taýýarlanmalydygyny aýdýar


Nýu-Ýorkda pandemiýa 1 müň 700 adamy öldürdi.

ABŞ-da 1-nji aprel güni ir bilen berlen maglumatlara laýyklykda, koronawirus pandemiýasyndan ölenleriň sany 4 müňden aşdy. Mundan bir gün öň, prezident Donald Tramp amerikalylary öňümizdäki “juda agyr iki hepdä” taýýar bolmaga çagyrdy.

Jon Hopkins Uniwersitetiniň maglumat bermegine görä, ABŞ-da koronawirus sebäpli döreýän respirator, ýagny dem alyş keselinden 4 müň 79 adam ýogalypdyr, wirusa 190 müň töweregi adam ýolugypdyr.

Hökümet bar bolan saglyk merkezlerine düşýän agramy peseltmek maksady bilen, uly şäherleriň golaýynda wagtlaýyn keselahanalary gurmak ugrunda tiz depginli işleri alyp barýar. Bu aralykda, resmiler öňümizdäki hepdelerde ýagdaýlaryň has hem ýaramazlaşyp biljekdigini duýdurýarlar.

Wirusdan has köp ejir çekýän Nýu-Ýork şäherinde Merkezi Meýdançada, tennis meýdançasynda we konferensiýa merkezinde meýdan hassahanalary guruldy.

1 müň düşekli harby deňiz gämi hem Nýu-Ýorkuň portuna geldi. Onuň gysga wagtda hassalary kabul edip başlamagyna garaşylýar.

Nýu-Ýorkda pandemiýa 1 müň 700 adamy öldürdi. Häzir bu şäher ABŞ-da wirusyň episentrine öwrüldi.

ABŞ-nyň jemgyýetçilik saglyk işgärleri, raýatlaryň öýlerinde galyp, beýlekiler bilen gatnaşygyny çäklendiren ýagdaýynda hem, wirusdan 240 müň adamyň ölmeginiň mümkindigini duýdurdylar.

Bu aralykda, Russiýa ABŞ-nyň koronawirusa garşy alyp barýan tagallalaryna hemaýat bermek üçin, Birleşen Ştatlara medisina serişdeli harby uçaryny ýollandygyny aýdýar.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG