Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG resmisi owgan bäsdeşlerini 'bileleşip', parahatçylyk ylalaşygyna kömek etmäge çagyrýar


 Aşraf Gani we onuň syýasy bäsdeşi Abdulla Abdulla
Aşraf Gani we onuň syýasy bäsdeşi Abdulla Abdulla

BMG-niň Howpsuzlyk geňeşi Owganystandaky syýasy bäsdeşlere ýüzlenip, olary "bir ýere jemlenmäge" hem-de ýurduň uzak we gymmat düşen urşuny soňlamak üçin, "Talyban" bilen gepleşikleri tijemäge çagyrdy.

BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekiliniň orunbasary Ingrid Hayden 31-nji martda prezident Aşraf Gani we onuň syýasy bäsdeşi Abdulla Abdulla ýurduň taryhyndaky esasy pursatdan peýdalanmaly diýdi.

"Owganystan kesgitleýji bir pursata gelip ýetene meňzeýär. ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň interwensiýasynyň başlanan gününden bäri geçen iki onýyllyga golaý wagtdan soň, Yslam respublikasy üçin liderleriň birleşip, "Talyban" bilen durnukly parahatçylyk ugrunda manyly gepleşiklere girmegi bir mesele bolup durýar" diýip, ol aýtdy.

"Bu seçgi Owganystanyň ilatynyň saglygyna we, ähtimal, onuň guramalarynyň durnuklylygyna uly wehim salýan COVID-19 howpy astyndaky gümürtiklige gabat geldi" diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Zalmay Halilzad 29-njy fewralda Dohada "Talyban" bilen ylalaşyga gol çekdi we Waşington bu şertnamanyň ýurtda 19 ýyla golaýlan urşy soňlamaga, Pentagonyň ol ýerdäki goşunlaryny çykarmagyna şert döretmegine umyt baglaýar.

Emma Gani bilen onuň Owganystanda 2019-njy ýylda geçirilen prezident saýlawlaryndaky esasy bäsdeşiniň, ozalky baş ýerine ýetiriji Abdulla Abullanyň arasyndaky häkimiýet dawalary parahatçylyk prosesini puja çykarmak howpuny salýar.

Syýasatçylaryň ikisi hem saýlawlarda özüniň ýeňiji bolandygyny aýdýar, ýogsa resmi netijeler Ganiniň ýeňiji bolandygyny yglan etdi.

Mundan başga, Kabuldaky hökümet bilen "Talyban" wekilleriniň arasyndaky dürli oňuşmazlyklar hem prosesi haýallatdy.

"Talyban" ýaňy-ýakynlara çenli Kabuldaky owgan hökümeti bilen göni gepleşmekden ýüz öwrüp geldi.

Tussaglaryň boşadylmagy we Owganystanyň hökümetiniň düzen gepleşik topary üstündäki düşünişmezlikler bolsa mundan beýläkki ilerlemeleriň doly diýen ýaly öňüni aldy.

"Talyban" güýçleri 27-nji martda Owganystanyň demirgazyk-günortasyndaky Badahşan welaýatynda bir etrabyň hökümet edaralaryny ele geçirip, soňra owgan hökümetiniň golaýda yglan eden 21 adamly araçy topary bilen özüniň gepleşmejekdigini aýtdy.

BMG-niň wekili Hayden Owganystanyň düzen gepleşik toparyna goldaw bildirip, çuňňur ornaşan ylalaşmazlyklara garamazdan, Owganystanyň ýolbaşçylarynyň dürli-dürli raýatlary saýlamak meselesinde bir pikire gelip bilendiklerini öňe sürdi.

Ol gepleşik toparyna girýän wekilleriň esasy etniki toparlaryň ählisini we bäş aýaly öz içine alýandygyny, munuň aýallaryň durnukly parahatçylyk gazanylmagyndaky ähmiýetiniň wajyp ykrarnamasy bolandygyny aýtdy.

"Talyban" ABŞ bilen baglaşan ylalaşygynda halkara güýçlerini nyşana almagy azaltmagy wada berdi. Emma muňa garamazdan, owgan milli goşunyna we howpsuzlyk güýçlerine garşy edilýän hüjümler dowam etdirildi we olaryň çäginde köplenç asuda adamlar hem öldürilýär diýip, BMG aýtdy.

Içerki gapma-garşylyklara garamazdan, Abdulla 31-nji martda bu dawanyň "parahatçylyk gepleşiklerine zeper ýetirmegine" ýol bermejekdigini nygtady.

Abdulla hökümetiň gepleşik topary "Owganystanyň yslam respublikasyna we biziň milli bähbitlerimize wekilçilik edýär" diýdi.

XS
SM
MD
LG