Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

COVID-19-yň möwjemegi bilen, Mirziýoýew MA liderleri bilen gatnaşykda öňe saýlanýar


Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew

Merkezi Aziýanyň çäginde tagallalary utgaşdyrmak üçin jogapkärçilik duýýan bir adam bar bolsa, ol Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýowdyr.

Merkezi Aziýa liderleri iki ýyl ozal şol wagt Astana diýlip atlandyrylan gazak paýtagtynda guralan taryhy duşuşyklarynda özara hyzmatdaşlyk derejelerini ýokarlandyrmagy wada berdiler.

Bu sebitiň prezidentleriniň 20 ýyla golaý wagt içinde geçiren ilkinji sammitleri boldy we olar 2019-njy ýylyň noýabrynda Daşkentde toplanyp, ýene şol wadany gaýtaladylar. Emma şondan bäri geçen wagtda merkezi aziýa liderleriniň arasynda kän bir göze görnüp duran hyzmatdaşlyk bolmady.

Onsoň geçen aý koronowirus pandemiýasy, merkezi aziýa köp ugurlardan görülmedik derejede täsir ýetirýän problema peýda boldy.

Dogrusyny aýtsak, regionyň bäş ýurdunda COVID-19 krizisine garşy dünýäniň beýleki regionlarynyň hiç birindäkiden kän umumy syýasat ýa-da çäre ýok.

Netijede, koronawirusyň ýaýramagyna garşy nähili çäre görmelidigini, öz mümkinçiliklerine we problemalarynyň gerimine baglylykda, her bir ýurduň özi kesgitlemeli boldy.

Gazagystanda 12-nji martda ilkinji koronawirus näsagy barada habar berlensoň, Merkezi Aziýada özüňi bölmegiň täze usuly peýa boldy: wirus ýokaşmalaryny hasaba alýanlar, onuň ýaýramagynyň öňüni almak üçin çäre görýänler we beýlekiler.

Birinji topara Gazagystan, Gyrgyzystan we Özbegistan girýär, ikinji topary resmi taýdan hasaba alnan koronowirus hadysalarynyň ýokdugyny aýdýanlar we kän tagalla etmeýänler, Täjigistan we Türkmenistan düzýär.

MA liderleri Astana gününde.
MA liderleri Astana gününde.


Gazagystanda we Özbegistanda geçirilen sammitlerde berlen wadalara garamazdan, liderleriň arasynda kän bir hyzmatdaşlyk bolmady, emma bu ýagdaý ýuwaş-ýuwaşdan üýtgeýär, mart aýynyň ahyrynda Özbegistan Gyrgyzystana maskalary, gorag eşiklerini we wirus barlagy geçirilýän enjamlary iberdi.

Mirziýoýew öňbaşçylygy alýar

Merkezi Aziýanyň çäginde tagallalary utgaşdyrmak üçin jogapkärçilik duýýan bir adam bar bolsa, ol Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýewdir.

Özbegistan ýurtdak ilkinji koronowirus näsagyny 14-nji martda, Gazagystandan iki soň hasaba aldy.

Mirziýoýew 18-nji martda telefonda gazak prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen iki ýurduň wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görmeli çärelerini maslahat etdi. Şeýle-de Mirzoýoýew 20-nji martda Gazagystanyň ilkinji prezident Nursoltan Nazarbaýewe telefon etdi we, aýdylmagyna görä, onuň bilen hem koronwirusa garşy göreş çärelerini geňeşdi.

Gazagystanda 1-nji aprele çenli takmynan 380 adama wirus ýokuşandygy tassyklandy, üç adam COVID-19-yň pidasy boldy. Özbegistanda, Merkezi Aziýanyň iň köp, takmynan 32 million ilatly ýurdunda 173 adama wirus ýokuşdy, iki adam bu keselden ýogaldy. Gyrgyzystan 111 adama wirus ýokuşandygyny, ýöne 1-nji aprele çenli ondan ýogalanyň ýokdugyny aýtdy.

Mirziýoýew 18-nji martda we soň ýene 27-nji martda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hem azyndan iki gezek telefonda gürleşdi. Özbek prezidentiniň twitter hasabayndan görnüşine görä, iki prezident "pandemiýa garşy göreşmek üçin täsirli özara hyzmatdaşlyk" we "koronawirus ýokuşmalarynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin görülýän ileri tutulýan çäreler" hakynda maslahat etdi.

Görnüşinden, Berdimuhammedow "koronawirus" sözüni diňe Türkmenistanyň halkynyň öňünde ulanmaýar, beýleki ýolbaşçylar bilen maslahat edende ulanyp bilýär.

Mirziýoýew 27-nji martda gyrgyz prezidenti Sooronbai Jeenbekowa hem "epidemiologiýa ýagdaýy" sebäpli telefon etdi.

Şondan bir gün öň Mirziýoýew owgan prezidenti Aşraf Ganä telefon edip, "häzirki pandemiýa garşy göreş boýunça pikir alyşdy".

Özbegistan beýleki merkezi aziýa ýurtlary we Owganystan bilen araçäkleşensoň, krizis wagtynda goňşularyň ählisi bilen habarlaşmak gowulykdan alamat. Emma Mirziýoýew babatda başga bir hakykaty hem boýun almaly, ol özünden öňki prezident Yslam Kerimowa garanda, regionyň ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy utgaşdyrmakda onuň owalda-ahyrda eden işlerinden eýýäm has kän iş etdi.

Elbetde, bu sebitde Mirziýoýewiň ýekeje gürleşmedik goňşusy bar, emma biz muňa soňurrak dolanarys.

Ilki bilen, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň uzak wagtdan bäri dowam edip gelýän we gyrgyz tarapynda birnäçe kilometre uzaýan ýük maşynlarynyň hataryny düzýän serhet meselesinde has gowy hyzmatdaşlyk edýändigini bellemelidiris.

Gyrgyzystanyň Gazagystanyň üsti bilen eksport we import etmek mümkinçiligi hiç wagt şu günki ýaly beýle möhüm bolmandy.

Gazak premýer-ministri Askar Mamin we onuň gyrgyz kärdeşi Muhammedkaly Abylgaziew 15-nji martda telefonda gürleşip, öz serhetlerinden geçýän uly ýük awtoulaglarynyň dyknyşygyny azaltmak we koronawirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin bilelikde işlemek babatynda ylalaşdy.

Ýogsam şol wagt Gyrgyzystanda hasaba alnan COVID-19 näsagy hem ýokdy.

Ýöne 18-nji martda hasaba alanlaryndan soň, Jeenbekow we Tokaýew ertesi güni telefonda gürleşip, "koronawirusa garşy bilelikde görülmeli çäreleri" maslahatlaşdy.

Mundan başga, gyrgyz we gazak premýer-ministrleri, wirusyň ýaýramagy esasynda guran özara hyzmatdaşlyklaryna baha bermek üçin, 25-nji martda hem telefonda gürleşdi.

Rahmon gyrada galdy

Mirziýoýewiň Merkezi Aziýada koronowirus aladalary ýaýraly bäri gürleşmedik ýeke-täk lideri täjik prezidenti Emomali Rahmon.

Hakykatda, Rahmon bilen 28-nji marta çenli, gyrgyz prezidenti Jeenbekow telefon edýänçä, hiç bir merkezi aziýa lideriniň gürleşendigi habar berilmedi.

Täjigistan döwlet habar gullugy "Howaryň" maglumatyna görä, iki prezident "ýokanç keseliň [koronawirus] serhetaşa ýaýramagynyň öňüni almak we pandemiýanyň täsirlerini azaltmak üçin sebit derejesinde görülmeli bilelikdäki tagallalaryň has giňden utgaşdyrylmagynyň ähmiýeti" barada maslahatlaşdy.

Täjik prezidenti Emomali Rahmon Spitamen etrabynda täze mekdebiň binasyny açdy. 25-nji mart, 2020.
Täjik prezidenti Emomali Rahmon Spitamen etrabynda täze mekdebiň binasyny açdy. 25-nji mart, 2020.

Ýokanç keselleriň serhetaşyr ýaýramagy meselesi gyzykly, martyň aýagyndan bäri Täjigistanda hiç bir koronowirus ýokuşmasy tassyklanmady.

Türkmenistanda hem wirus ýokuşan hasaba alynmady, iki ýurt hem köpçülik çärelerine, sosial ýygnanyşyklara rugsat berýär.

Mysal üçin, Nowruz baýramçylygyny bellemek planlaşdyrylyşy ýaly dowam etdirildi we iki ýurtda hem metjitleriň açyk işlemegi dowam etdirilýär.

Bu Özbegistanda, Gyrgyzystanda we Gazagystanda güýje giren berk çäklendirmeleriň we adamlaryň köplenç öýlerinde dört diwara gabalyp galmagynyň garşysynda düýpgöter tapawutly ýagdaý.

Türkmen häkimiýetleriniň gören çäreleri halkara ýolagçy uçarlaryny günortada ýerleşýän Türkmenabat şäherindäki ikinji derejeli uçar menziline gönükdirmek we karantin lagerlerini gurmak, ýurtdaky içerki hereketi gazaply çäklendirmek ýaly çäreleri hem öz içine aldy.

Bu görlen çärelere garamazdan, hökümet "koronowirus" sözüni jemgyýetçiligiň öňünde ulanmakdan örän gaça durýar we AÝ/AR-nyň Türkmen gullugynyň habarçylary adamlaryň paýtagt Aşgabatda pandemiýa hakynda gürleşeni üçin tussag edilýändigini habar berdi.

Täjigistan häli-häzire çenli beýle seresaplyk çärelerini görmedi we, hakykatda, bu ýurduň resmileri täjikleriň adaty işjeňliklerini çäklendirmekde örän az iş etdiler. Netijede olar regionda erkin syýahat edýärler we, adatça bolşy ýaly, bazarlarda hem dükanlarda arkaýyn söwda etmeklerini dowam etdirýärler.

Tasdan hiç bir çäre görülmezligi koronowirusy ýaýratmak üçin iň gowy usul bolup görünýär we bu ýagdaýyň Täjigistanyň goňşularyny alada goýmagy bolup biljek zat.

Belki-de Rahmon bilen şu wagta çenli diňe Jeenbekowyň gürleşmeginiň we bu telefon söhbetdeşliginiň ýaňy-ýakynda bolmagynyň aňrysynda hem şu ýagdaý ýatandyr.

Megerem bu söhbetdeşlik Gyrgyzystanyň Merkezi Aziýanyň iň gür ilatly ýurdy we diňe önümleri we beýleki harytlary däl, eýsem koronawirusy geçirmek üçin hem amatly bolan Täjigistan bilen Fergana jülgesindäki iň işjeň gatnawly serhede şärik bolmagy bilen baglylykda ýüze çykan bolsa gerek.

Özbegistan hem Fergana jülgesinde Täjigistan bilen araçäkleşýär we özbek prezidentiniň beýleki goňşulary bilen habarlaşyp, şu wagta çenli Rahmon bilen habarlaşmazlygy, megerem, Täjigistanyň öz çäginde bolup biljek keselçiligi gözegçilikde saklamaga sowuk-sala garamagy sebäpli Daşkendiň nägileliginden habar berýär.

XS
SM
MD
LG