Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bütindünýä banky ösýän 25 ýurda koronowirusa garşy göreş üçin beriljek $1.9 milliard kömegi tassyklady


Bütindünýä bankynyň prezidenti Deýwid (David) Malpass
Bütindünýä bankynyň prezidenti Deýwid (David) Malpass

Bütindünýä banky ösýän 25 ýurda koronowirus pandemiýasyna garşy göreş üçin beriljek takmynan $1.9 milliard möçberinde maliýeleşdirmäni tassyklady.

2-nji aprel güni giçlik tassyklanan kömek serişdeleri Pakistan üçin $200 million, Owganystan üçin $100 million, Gyrgyzystan üçin $12.5 million, Täjigistan üçin goýberilen $11.3 million maliýe ýardamlaryny hem öz içine alýar.

Bütindünýä bankynyň prezidenti Deýwid (David) Malpass beýanat çap edip, Halkara walýuta fondunyň karz bölüminiň gelýän 15 aýda 160 milliard dollara çenli kömek edip biljekdigini aýtdy.

“Biz ösüp barýan ýurtlaryň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreşmek ukybyny güýçlendirmek hem-de ykdysady we sosial dikelişiň wagtyny gysgaltmak ugrunda tagalla edýäris” diýip, Malpass aýtdy.

"Iň garyp we iň ejiz ýurtlara iň agyr zarba urulmagy mümkin we biziň dünýädäki toparlarymyz dowam edýän krizisiň soňuna çykmak üçin ýurt derejesinde we sebitleýin çözgütlere üns berýärler" diýip, ol aýtdy.

Bütindünýä bankynyň aýtmagyna görä, birinji tapgyrda 25 ýurda goldaw bermek tassyklanandan soň, ýene 40 ýurda ýardam bermek nazarda tutulýar.

XS
SM
MD
LG