Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusyň ykdysady täsirleri işsizligiň birden we aşa köpelmegine alyp gelýär


Çili. Işsiz kömegini resmileşdirmek üçin nobata duran işçiler. 2-nji aprel, 2020.

Koronawirus pandemiýasynyň ykdysady täsirleri 2-nji aprelde ABŞ-da we beýleki öňdebaryjy ýurtlarda işsizligiň aşa ýokarlanmagy bilen baglanyşykly aladalara ünsi çekdi.

Birleşen Ştatlaryň Jon Hopkins uniwersitetiniň toplan maglumatlaryna görä, 2-nji aprelde dünýäde milliondan gowrak koronawirus näsagynyň hasaba alnandygy belli boldy.

Uniwersitetiň soňky maglumatlaryna görä, ýurtlaryň pandemiýa bilen göreşýän döwründe 53 müňden gowrak adam öldi.

Geçen hepde ABŞ-da rekord derejede, 6,6 million täze işsizlik şikaýaty edildi we iki hepdäniň içinde işden kowulan amerikalylaryň sany 10 milliona ýetdi.

ABŞ-da koronawirus ýaýramazyndan ozal ýurduň ykdysadyýeti kuwwatlydy.

Soňky birnäçe hepdäniň dowamynda Angliýada durmuş üpjünçiligini, döwletiň berýän sosial kömegini almak üçin ýüz tutýanlaryň sany takmynan on esse artyp, 1 milliona ýetdi.

Bu döwürde Ýewropada azyndan bir million adamyň işini ýitirendigi çak edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG