Birleşen Ştatlarda we beýleki öňdebaryjy ýurtlarda ýokarlanan işsizlik sebäpli durmuş kömegini soraýanlaryň aşa köpelmegi baradaky maglumatlaryň arasynda dünýäde tassyklanan koronawirus näsaglarynyň sany bir milliondan geçdi.
ABŞ-daky Jon Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, 3-nji aprelde dünýäde koronowirusdan ölenleriň sany 53 müňden geçdi, 210 müňden gowrak adam bolsa gutuldy.
Pandemiýa garşy görülýän çärelere garamazdan, koronawirus ABŞ, Ispaniýa we Angliýa ýaly ýurtlaryň her gün soňky 24 sagatdaky iň ýokary ölüm sanlaryny habar bermegi bilen, çalt depginlerde ýaýramagyny dowam etdirýär.
Hökümetleriň “wirus” sebäpli uly zyýana galan ykdysadyýetleri goldamak üçin görýän görlüp-eşidilmedik çäreleri koronawirusyň gysga wagtda ýetiren agyr ykdysady täsirlerine ünsi çekdi.
“Dikeldiş diňe utgaşdyrylan global hereketler arkaly mümkindir” diýip, Bütindünýä ykdysady forumynyň prezidenti Boerge Brende 3-nji aprelde aýtdy.