Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

“Talyban” tussaglary çalyşmak gepleşiklerini kesdi, delegasiýasyny yzyna çagyrdy


“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň metbugat wekili Suhail Şahin
“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň metbugat wekili Suhail Şahin

“Talyban” topary owgan hökümeti bilen tussaglary çalyşmak baradaky gepleşikleri kesenini yglan edeninden birnäçe sagat soň, Kabuldaky delegasiýasyny yzyna çagyrdy. Bu gepleşikler ABŞ-nyň araçylygynda gelnen parahatçylyk ylalaşygynyň esasy maddalarynyň biridi.

7-nji aprelde üç agzalyk topar paýtagtda käbir owgan resmileri bilen duşuşdy, emma tussaglary boşatmak barada hiç hili öňegidişlik bolmady diýip, “Talyban” maglumat berdi.

“Talybanyň” Katardaky syýasy edarasynyň metbugat wekili Suhail Şahin toparyň “dessine çekilýändigi” barada Twitter hasabynda ýazgy galdyrdy.

Ol tussag çalşygynyň bu wagta çenli eýýäm amala aşmalydygyny, şeýle-de “degişli taraplaryň” “Talyban” tussaglarynyň boşadylmagyny “ýöriteläp” yza çekýändigini aýtdy.

Şahin mundan ozal paýlaşan twitinde prezident Aşraf Ganiniň administrasiýanyň tussaglaryň çalşygyny gijikdirýändigini aýdyp, toparyň “netijesiz gepleşiklere” gatnaşmajakdygyny belläpdi.

Taraplar geçen hepdeden bäri tussaglaryň çalyşylmagy boýunça Kabulda gepleşikleri geçirýärler.

Ganiniň maslahatçysy Kabulyň tussaglary has giň gepleşikleriň çäginde boşatmagy göz öňünde tutýandygyny aýtdy.

“’Talyban’ bir ädim öňe ätmeýänçä”, hökümet “Talyban” tussaglaryny boşatmaga razy bolmaz diýip, Wahid Omar 7-nji aprelde aýtdy.

XS
SM
MD
LG