Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistanyň prezidentiniň gyzyndan soň, ogly deputat boldy. Beýlekiler nähili?


Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen onuň ogly Rustam Emomali
Täjigistanyň prezidenti Emomali Rahmon bilen onuň ogly Rustam Emomali

27-nji martda Duşenbe şäheriniň 32 ýaşly meri Rustam Emomali, prezident Emomali Rahmonyň ogly Täjigistanyň parlamentiniň ýokary palatasyna – Milli Mejlise saýlandy. Mundan öň 1-nji martda Täjigistanyň parlamentiniň aşaky öýüne saýlawlar geçipdi. Täjigistanyň parlamentiniň täze çagyrylyşynyň bilelikdäki mejlisi 17-nji aprele bellendi. Parlamentiň öňki köne toparynyň işi kanun çykaryjylaryň täze çagyrylyşyniň 1-nji sessiýasynda tamamlanýar.

RAHMONDAN SOŇ — RAHMON

Emomali Rahmonyň gyzy Ozoda Rahmon prezident administrasiýasynyň ýolbaşçysy hem parlamentiň agzasydyr. Ol parlamentiň ýokary öýünde ýuridiki komitete ýolbaşçylyk edip geldi. Ýöne Ozoda Rahmonyň deputat bolmagyndan, Rustam Emomaliniň Milli mejlise saýlanmagy ünsi has köp özüne çekdi.

Emomali Rahmon gyzy Ozoda Rahmon bilen. Täjigistan, Duşenbe, 2015-nji ýyl.
Emomali Rahmon gyzy Ozoda Rahmon bilen. Täjigistan, Duşenbe, 2015-nji ýyl.

Soňky ýyllarda wezipe basgançagyndan gaty çalt ýokary galyp barýan kiçi Rahmon 2017-nji ýylda paýtagtyň häkimi bolupdy. Konstitusiýa üýtgeşme girizmek baradaky 2015-nji ýylda geçirilen referendum Täjigistanda prezidente mirasdüşer meselesini maslahatlaşmaga şert döretdi. Konstitusiýa girizilen düzedişde prezidentlige saýlanmak üçin, ýaş derejesi 30 ýaşa çenli peseldildi. Şeýle üýtgeşmeden soň kanunçylyk baradaky bilermenler prezidentiň uly ogly Rustam Emomaliniň öz kakasynyň ornuny çalyşmaga doly mümkinçiliginiň boljakdygyny öňe sürdüler.

Täjigistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident öz wezipesini ýerine ýetirip bilmese ýa-da ol ölse, prezidentiň wezipesi parlamentiň Ýokary özüniň ýolbaşçysyna geçýär. Ýöne häzirlikçe Rustam Emomaliniň parlamentiň Ýokary öýüne başlyk saýlanjak ýa-da saýlanmajagy belli däl.

Prezidentlik saýlawlary bolsa Täjigistanda şu ýylyň noýabr aýynda geçirilmeli. Häzire çenli ol saýlawlara şu wagtky prezidentiň gatnaşyp-gatnaşmajagy barada takyk bir zat aýdylman gelinýär. Ýöne onuň saýlawlara gatnaşmaga konstitusion hukugy bar, ol «пишво-е миллат» —milletiň lideri derejesine eýe.

Kiçi Rahmonyň deputat saýlanmagy tötänlik dälmidir? Eger güýzdäki saýlawlarda Rustam Emomali prezidentlik wezipesine dalaşgär bolsa, munuň üçin ähli kanun aktlary taýýar. Beýleki bir tarapdan, Merkezi Aziýa ýurtlarynda düzgün bolşy ýaly, mynasyp ýeňäýjek bäsdeşi saýlawlara goýbermeýärler.

WEZIPE BASGANÇAGYNDAN ŞEÝLE ÇALT ÝOKARLANMAK NÄMÄ ALYP BARÝAR?

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ählisinde parlamentiň ýa-da Ýokary palatanyň ýolbaşçylary prezidentden soňki ikinji adam hasaplanýar. Ýöne käbiri ýerine ýetirmeli wezipesi boýunça «ikinji adam»bolubam duranok. Özbegistanyň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow ölenden soň, senatyň spikeri Nigmatulla Ýuldaşew «öz wezipesinden çekilýändigini»mälim edip, şol wagtky premýer-ministr Şawkat Mirziýaýewe berjaý etmeli ornuny tabşyrandygy belli.

Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow.
Türkmenistanyň prezidenti G. Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow.

Rustam Emomali hem-de Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedow ýaşlary boýunça deňeçerräk, 32 ýaşyndaky kiçi Rahmon bilen 38 ýaşyndaky kiçi Berdimuhamedow wezipe basgançaklaryndan örän üstünlikli hem ynamly barýarlar. Rustamdan tapawutlylykda Serdar welaýat ýolbaşçysy wezipesinde hem boldy. Şu ýylyň fewral aýynda ol senagat hem gurluşyk ministri wezipesine bellendi.

Täjigistanyň prezidentiniň ogly öz wezipesini ortaça her iki ýyldan täzeleýär. Köp ýyllap ol diňe Duşenbäniň ýolbaşçysy boldy. Rustam Emomali 2017-nji ýyldan bäri Duşenbäniň häkimi bolup gelýär.

Bu aralykda Serdar Berdimuhamedow ortaça her üç ýyldan bir gezek täze wezipä geçdi. 2016-njy ýylda 35 ýaşyna ýeteninden soň, her ýylda täze wezipä bellenip başlandy, ýöne soňky ministrlik wezipesine bellenýänçä, diňe sekiz aýyň dowamynda Ahal welaýatynyň häkimi boldy.

Türkmenistanyň prezidentiniň ogly parlamente iki gezek deputatlyga saýlandy. Owalda 2016-njy ýylda wagtyndan öň tamamlanan bir orun üçin deputatlyga saýlanan bolsa, soňky 2018-nji ýylda geçen saýlawlarda ikinji gezek saýlandy. 2017-nji ýylda bolsa parlamentiň kanun aktlary komitetine ýolbaşçylyk etdi.

Rusam Emomali hem Serdar Berdimuhamedow öz ýurtlaryndaky uniwersitetde hem-de Russiýada bilim aldylar. Olar entek gös-göni «birinji»bolar ýaly «ikinji derejedäki»wezipä ýetip bilenoklar, ýöne indi oňa örän golaý bardylar. Prezidentleriň ogullarynyň indiki eýelejek wezipesi prezidentlige taýýarlyk ýa-da şonuň üçin tejribe bolar.

NAZARBAÝEWANYŇ PARLAMENTDÄKI KARÝERASY

Gazagystanyň öňki prezidenti hem oňa Konstitusiýa esasynda berkidilen «elbasy» derejesi bolan Nursoltan Nazarbaýewiň gyzy Dariga Nazarbaýewa hem Russiýada okapdy.Ol häzir senatyň spikeri – ýurtdaky ikinji adam. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň içinde Dariga Nazarbaýewa«ikinji adam»hökmünde has tejribeli syýasatçy, ol parlamentiň iki öýüniň hem agzasydyr.

Dariga Nazarbaýewa öz kakasy, Gazagystanyň eks-prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen.
Dariga Nazarbaýewa öz kakasy, Gazagystanyň eks-prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen.

Dariga 2019-njy ýylyň 20-nji martynda biragyzdan senatyň başlygy wezipesine saýlandy. Bu Nursoltan Nazarbaýew prezidentlik wezipesinden çekilýändigini aýdan gününiň ertesi bolupdy. Onuň senatyň başlyklygyna bellenmegini prezident Kasym-Žomart Tokaýew öňe sürdi. 2016-njy ýylda Dariga Nazarbaýewany Nursoltan Nazarbaýewiň özi «prezidentlik sanawy»esasynda senatyň deputatlygyna belläpdi.

56 ýaşyndaky Dariga Nazarbaýewa ortaça her üç ýyldan wezipesini täzeläp geldi. Ilkinji gezek ol 2004-nji ýylda parlamente «Asar» partiýanyň sanawy boýunça saýlandy hem 2007-nji ýyla çenli Mejlisiň aşaky öýüniň agzasy boldy. 2012-nji ýylda Dariga Nazarbaýewa «Nur Otan»partiýasynyň sanawy boýunça Mejlisiň aşaky öýüne 2-nji gezek saýlandy. Ilkinji gezekde D. Nazarbaýewa Mejlisiň sosial-medeni ösüş komitetiniň ýolbaşçysy boldy, soňra Mejlisiň spikeriniň orunbasarlygyna bellendi. 2015-nji ýylda Dariga wise-premýer wezipesine geçirildi, ol ýerde dogry bir ýyl oturdy.

Soňky wagtlarda Nazarbaýewler dürli dawalar bilen baglanyşykly dile düşüp gelýär. Geçen ýyl Dariga Nazarbaýewanyň ikinji ogly Aýsultan Nazarbaýew habarlarda aýdylyşyna görä, Orsýetiň narkologiýa merkezinde bejergi alypdy, soňra ol Londonda şertli ýagdaýda tussaglyga höküm edildi. Bu ýyl bolsa Aýsultan Nazarbaýew facebook-akkauntdaBeýik Britaniýadan özüne başpena berilmegini sorap, ýüz tutandygyny habar berdi. Ol ýazgyda aýdylyşyna görä, maşgala agzalary Aýsultana basyş edýärmiş.

Martyň başlarynda birnäçe Günbatar habar agentleri Londonda bolan sud diňlenişigi barada ýazdylar. Suduň kararynda Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýewiň gyzy Dariga Nazarbaýewa we onuň uly ogly Nurali Aliýewe Britaniýanyň saýlama obýektlerinde bolan üç sany gymmat bahaly jaýyň nähili puldan satyn alnandygyny görkezmek talap edilipdir.

Beýik Britaniýanyň jenaýatçylyga garşy göreş Agentligi «gelip çykyşy nämälim bolan baýlygy»tussag edipdir. Ol obýektler ofşor kompaniýalaryň adyna resmileşdirilen eken.

Jenaýatçylyga garşy göreş Agentligi Dariga Nazarbaýewanyň öňki adamsy Rahat Aliýew ol jaýlary korrupsiýa ýoly bilen satyn alandyr diýip çaklaýar.

Merkezi Aziýanyň Gyrgyzystandan başga ýurtlarynda oppozisiýa wekilleri prezidentleriň maşgala agzalarynyň hökümetiň işine goşulyşýandygyny hem-de ýokary wezipelere öz ýakynlaryny goýýandygyny tankyt edýärler. Ýöne hökümetler beýle tankyda üns bermän gelýär. Meselem, Özbegistanda häzirki prezident Şawkat Mirziýaýewiň ýakynlary häzirlikçe hökümetde bolmasalar-da, öz täsirini güýçlendirmäge çalyşýarlar.

Özbegistanyň öňki prezidentiniň gyzy Gülnara Kerimowa ýokary wezipe eýelemese-de, öz wagtynda diplomatik edaralarda işledi. Entek Yslam Kerimow diri wagtynda, Gülnara öý tussaglygyna alyndy, soňra bolsa on ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. Birnäçe wagt geçensoň, onuň türme möhletini bäş ýyla çenli gysgaltdylar. Ýaňy-ýakynda bolsa Daşkent sudy ony 13 ýyl, dört aýlyk türme tussaglygyna höküm etdi. Kazyýet ony birnäçe maddalar – mejbur edip para almak, ogurlyk, jenaýatdan gelen girdejileri legallaşdyrmak ýaly işlerde günäli saýdy.

Merkezi Aziýanyň prezidentleriniň ýakynlary hökümetiň üç şahasy boýunça hem gidýärler, olar çagalaryny ýokary wezipelere belleýärler we beýleki hossarlaryny möhüm orunlarda goýýarlar. Şeýlelikde olaryň öz orunlaryny berkitmeginden daşary, mirasdüşer bolmagyna-da mümkinçilik döredýärler. Oppozisiýa hem graždan jemgyýetçiligi tarapyndan edilýän tankytlara hem-de protestlere garamazdan, Merkezi Aziýadaky ýurtlaryň prezidentleri häzirlikçe jemgyýetçilik pikirlerine onçakly baş galdyrman gelýär.

Material AÝ/AR-nyň Gazak gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG