Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Gyrgyzystanda COVID-19 ýokaşanlaryň her altynjysy saglyk işgäri boldy


Bezeg suraty

Gyrgyzystanda ýene 12 saglyk işgärine koronawirusyň ýokaşandygy tassyklandy.

Bu maglumat brifing wagtynda saglyk ministriniň orunbasary Mademin Karataýew tarapyndan yglan edildi.

Şeýlelikde, ýurtda wirus ýokuşan saglyk işgärleriniň sany 51 adama ýetdi. Gyrgyzystanda jemi 339 adama koronawirusyň ýokuşandygy tassyklandy.

11-nji aprelde ýurtda ýene 41 adama wirus ýokaşandygy tassyklandy.

Gyrgyzystanda wirus ýaýrap başlaly bäri 44 adam hassahanadan gutulyp çykdy, 5 adam ýogaldy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG