Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pasha baýramçylygynyň dowamynda koronawirusa garşy çäreler ýaýbaňlandy


Nýu-Ýorkuň Keramatly Patrik ybadathanasynda Pasha güni, 12-nji aprel, 2020-nji ýyl.

13-nji aprelde Ýewropanyň hökümetleri dynç alyş günleri bilen uzaldylan Pasha baýramçylygynyň dowamynda adamlaryň syýahat etmeginiň öňüni almak üçin ýollary baglamak, jerime töletmek ýaly usullary ulandylar.

Bu çäreler dünýädäki 1.3 milliard Rim katolikleriniň köpüsi ölüm howply koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmaga gönükdirilen çäklendirmeleriň astynda 12-nji aprelde Pasha ýekşenbesini belläninden soň görüldi.

Jons Hopkins uniwersitetiniň 13-nji aprelde irden beren maglumatlaryna görä, dünýäde 1,85 million adamda koronawirus ýokanjy tassyklandy we 114 müňden gowrak adam bu keselden heläk boldy.

Ýokanja ýoluganlaryň hem-de aradan çykanlaryň hakyky sanynyň has ýokarydygy çak edilýär.

Sanlaryň azaldylyp ýazylmagy ýurtlaryň sanamak tejribelerindäki aratapawut, çäkli test mümkinçilikleri we hatda käbir hökümetleriň sanlary bilkastlaýyn gizlemegi bilen baglanyşdyrylýar.

Dynç günlerinde Birleşen Ştatlary ýokanja ýolugan adamlaryň hasaba alnan sany hem-de ölümleriň sany boýunça iň köp ejir çeken ýurt boldy.

Jons Hopkins uniwersiteti 13-nji aprelde irden Birleşen Ştatlary boýunça 556 müňden gowrak adamyň kesel bilen hasaba alnandygyny, olardan 22 müňden gowrak adamyň ölendigini habar berdi.

Ýewropanyň iň agyr zyýan çekýän ýurtlary her gün ýüzlerçe adamyň ölýändigini habar berýär, ýöne käbir ýurtlar ölümleriň sanynyň berk çäklendirmeleriň netijesinde azalýandygyny görýärler.

Italiýada 156 müňden gowrak adama kesel ýolukdy, 19 müň 900 adam aradan çykdy. Ispaniýada 167 müň töweregi adamda kesel tassyk boldy, ondan 17 müň 200 adam öldi.

13-nji aprelde Fransiýa ýurduň hassahanalarynda we ilata durmuş taýdan hyzmat ediş merkezlerinde koronawirus bilen baglanyşykly 14 müň 400 ölüm hasaba aldy.

Beýik Britaniýada 85 müň adamda koronawirus tassyklandy, olardan 10 müň 600 adam aradan çykdy.

13-nji aprelde Gündogar prawoslaw kilisesiniň ýolbaşçylary dowam edýän gulplamalaryň we beýleki çäklendirmeleriň arasynda Pasha baýramçylygyny bellemegiň tertibini wideokonferensiýa arkaly ara alyp maslahatlaşmagy meýilleşdirdi.

Prawoslaw hristiýanlaryň köpüsi Pasha baýramyny bu ýyl 19-njy aprelde belleýär.

Rim papasy Fransis 12-nji aprelde Watikanda pandemiýa we ykdysady çökgünlige garşy göreşmekde global raýdaşlyga çagyrdy we halkara sanksiýalaryň gowşadylmagyna, garyp ýurtlar üçin bergileriň ýeňilleşdirilmegine we ähli konfliktlerde ot açyşlygyň bes edilmegine çagyryş etdi.

Rim Katolik kilisesiniň ýolbaşçysy “Urbi et Orbi” (Şähere we dünýä) atlandyrylýan çykyşyny adatça daşardaky meýdançada ýygnanýan on müňlerçe adamlyk mähelläniň öňünde etmäge derek, adamsyz Keramatly Petr ybadathanasynda ýerine ýetirdi.

Köp ýurtda häkimiýetler ybadat edýänleri Pasha baýramçylygy üçin wideo hyzmatlaryndan peýdalanmaga çagyrdy we köpçülikleýin dini ýygnanyşyklara gatnaşmak üçin çäklendirmeleri hem-de sosial aralyk düzgünlerini bozýan adamlaryň üsti bilen wirusyň ýaýrap biljekdigini duýdurdy.

Prezident Donald Tramp ABŞ-nyň ykdysadyýetini täzeden açmak maksady bilen 14-nji aprelde ýörite Iş toparynyň dörediljekdigini habar berdi.

Ýöne saglyk hünärmenleri çäklendirmeleriň tiz wagtda ýatyrylmagy bilen, aýratyn-da wirusly adamlary anyklamak üçin giň gerimli testleriň ýok mahaly, kesel bilen hasaba alynýanlaryň sanynyň ýene ýokarlanyp biljekdigini duýdurýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG