Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Koronawirusa garşy göreşde ýalňyşlar hem üstünlikler: Günorta Koreýadan ABŞ-a çenli


ABŞ-yň Merilend ştatyndaky Geýtersberg seýilgähinden bir görnüş. 2020-nji ýylyň 22-nji marty.

Koronawirus soňky ýüzýyllykdaky dünýäniň iň möhüm göreşine öwrüldi. COVID-19wirusynyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin, döwletler arasynda berk kesgitlenen görkezmeleriň ýokdugy sebäpli, beýleki birlerine garanda, käbir ýurtlar bu ugurda uly üstünlik gazanyp bildiler.

Makalada getirilýän ähli mysallar 3-nji apreliň derejesinden alynýar, şoňa laýyklykda 3-nji aprele çenli bütin dünýäde COVID-19 wirusyna ýoluganlaryň sany milliondan aşdy, 53 müňden gowrak adam bolsa ol wirusdan ýogaldy. Häzir oňa garşy waksina döredilýänçä aýlaryň, belki, ýylyň geçmegi mümkin.

Bu agyr pandemiýanyň görülmedik kynçylyklary dowam edýän wagtynda, ony saklamak üçin, ýurtlar mümkin bolan çäreleri görýärler, iň bolmanda onuň ýaýramagyny azaltmaga çalyşýarlar.

Hökümetler dürli usullary ulanýarlar; karantinden başlap, jemgyýetçilik ýerlerinde adamlaryň arasynyň açyk bolmagyny hem-de gorag maskalaryny geýmegi talap edýärler.

GÜNORTA KOREÝA

Owal başda bu pandemiýadan Günorta Koreýa iň köp zyýan çeken ýurtlaryň hatarynda durdy. Çaklamalar örän aýylgançdy.

Ýöne muňa garamazdan, Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatynagörä, 3-nji aprele çenli ol ýurtda 10 müňden gowrak adamda COVID-19 infeksiýasy aýan edilipdir, olardan 174 adam aradan çykypdyr. Günorta Koreýa çak edilen agyr netijeleriň öňüni almagy başardy.

Olarda işiň barşyndan mälim bolşuna görä, esasy faktor giň çäkdäki testleriň geçirilmegi hem telefon budkasyna meňzeş aýna konstruksiýalar bolupdyr. Onda adamlar örän çalt hem howpsuz ýagdaýda analiz tabşyryp bilipdirler. Beýleki bir çäre bolsa infeksiýa ýokuşanlaryň kimler bilen kontaktda bolanyny yzarlamak işleri saýylýar.

Medisina işgärleri Günorta Koreýada Tegu barýan sürüjilerde COVID-19 barlaýarlar.
Medisina işgärleri Günorta Koreýada Tegu barýan sürüjilerde COVID-19 barlaýarlar.

Amerikan alymlarynyň Federasiýasynyň epidemiologiýa boýunça uly ylmy işgäri Erik Feýgl-Dingiň sözüne görä, Günorta Koreýa her günde ýurda girýän 15 müň adamda test barlaglaryny geçipdir.

Bu ýurt 2015-nji ýylda şol sebitlere ýaýran MERS infeksiýasynyň (Uzak Gündogardaky respirator sindromy – Red.) netijelerini, oňa garşy alnyp barlan göreşleri sapak edinipdir. Munuň daşyndan, saglygy saklaýyş ulgamynyň ýokary derejede bolmagy wirusa garşy göreşmäge gowy peýda edipdir. Ol ýurtda biotehnologiýa industriýasy örän ösen, şonuň üçinem olar test barlaglaryny örän çalt geçirip bilýärler hem testiň netijelerini çalt anyklaýarlar.

GERMANIÝA

Owal başda Germaniýadaky ýagdaý beýle bir möhüm däl ýaly göründi. Jons Hopkins Uniwersitetiniň maglumatynagörä, 3-nji aprelde Germaniýada 85 müňden gowrak adamyň koronawirusa ýolugandygy mälim edilipdir. Bu dünýädäki 4-nji derejäni görkezýär.

COVID-19keseline ýoluganlardan 1 100 adam dünýäden ötdi. Eger ýurduň ilatynyň 82 million adamdan agdykdygy nazarda tutulsa, Germaniýadaky ýogalanlaryň derejesi bir prosentden gowrak bolýar, bu başgalar bilen deňeşdirilende azdyr. Deňeşdirsek, Ispaniýada hem Italiýada ölenleriň sany 10 %-den aşýar.

Günorta Koreýada bolşy ýaly, Germaniýada hem kesellänleriň köp böleginde öz wagtynda test barlaglary geçirildi.

Berliniň Brandenburg derwezesiniň alnyndaky boşap galan meýdança. 2020-nji ýylyň 2-nji apreli.
Berliniň Brandenburg derwezesiniň alnyndaky boşap galan meýdança. 2020-nji ýylyň 2-nji apreli.

Koronawirus boýunça belli nemes eksperti Kristian Drosteniň sözüne görä, test geçirmek olarda ýanwar aýyndan, ýagny ol wirusa ýoluganlaryň sany örän az wagtynda başlanypdyr. Kimde ol wirusyň bardygy kesgitlenilse, muňa möhüm ähmiýet berlip, başgalara ýaýratmazlygynyň öňi alynýar. Sebäbi keseliň başdaky alamatlarynyň örän pes bolýandygy üçin, başgalar ondan kesel ýokuşýandygyny duýmaýarlar.

Germaniýa mundan daşary-da ençeme ekstraordinar çäreleri gördi, jemgyýetçilik üýşmeleňlerine gadagançylyk girizdi, günübirin möhümligi bolmadyk söwda dükanlaryny, barlary hem restoranlary ýapdylar.

Mundan daşary-da, olarda saglygy saklaýyş ulgamy beýle krizisiň öňünde durmaga ukyply. Olaryň garamagynda 500 müň orunlyk keselhana ýerleri bardy hem ony iki esse artdyryp biljekdiler.

ITALIÝA

3-nji aprele çenli Italiýada 115 müňden gowrak COVID-19infeksiýasyna ýolugan adam hasaba alyndy. Bu görkeziji Birleşen Ştatlardan soňky orundyr. Bu keselden ýogalan adamlar boýunça Italiýa dünýäde iň ýokary orunda durýar. 3-nji aprele çenli olarda bu keselden 14 müň çemesi adam ýogaldy.

Ekspertleriň pikirine görä, ýurtda ol infeksiýa garşy çäreler örän giç başlanypdyr hem görlen çäreler ýeterlikli bolmandyr.

23-nji fewralda bu ýurtda 123 adamyň şol infeksiýa ýolugandygy hasaba alyndy we ýurduň 11 şäheri karantin üçin ýapyldy. Ýöne hökümetiň maglumatyna görä, millet karantine boýun egmändir, ýogsam bolmasa, ýerli häkimiýetler milleti köpçülik ýerlerinden çekilmäge çagyryş edipdirler, 4-nji martda döwlete degişli mekdepleriň ählisi ýapylypdy.

Şeýle hem ekspertleriň pikirine görä, Italiýanyň saglygy saklaýyş pudagy beýle agyr krizise taýýar däl ekeni. Olar maskalaryň hem respiratorlaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz boldular.

Wirusologiýa boýunça esasy bilermen Joejio Palunyň sözüne görä, Italiýa bir ýalňyş goýberipdir, keselhanalar beýle agyr bolmadyk derejedäki infeksiýa alanlardan doly eken.

Italiýanyň Seriate şäherindäki ybadathanadaCOVID-19sebäpli ýogalanlaryň tabytlary.
Italiýanyň Seriate şäherindäki ybadathanadaCOVID-19sebäpli ýogalanlaryň tabytlary.

Mart aýynyň ortasynda hökümet adatdan daşary buýruk çykaryp, saglygy saklaýyş pudagyna 3,9 milliard dollar goýberdi, şonuň bilen birlikde intensiw terapiýa bölümlerini giňeltdi, täze respiratorlary hem indiwidual gorag serişdelerini aldy.

Ekspertler bu infeksiýadan agyr zyýan çeken demirgazyk-günbatar sebitdäki Lombardiýa bilen beýle bir köp zyýan çekmedik, demirgazyk-gündogardaky Weneto sebitini deňeşdirýärler.

Bilermenleriň sözüne görä, Wenetoda diňe bir köpçülikleýin test geçirilmegi däl, eýsem kesele ýoluganlaryň başgalar bilen kontaktyna gözegçilik etmekde gören çäreleri netijesinde, köp zat ugruna bolupdyr, hökümetler infeksiýa ýoluganlary karantinde saklap bilipdirler.

ABŞ

Häzirki wagtda Birleşen Ştatlar koronawirus pandemiýasynyň merkezi bolup durýar. 3-nji aprele çenli ol ýerde bu kesele ýoluganlaryň 245 müňden gowragy aýan edildi. Bu bolsa dünýädäki iň köp wirus ýokuşan görkezijidir.

Prezident Donald Trampyň amerikanlylara «örän agyr iki hepde garaşýar» diýmeginiň yz ýany, ýagny 3-nji aprele çenli ABŞ-da ýogalanlaryň sany 6 müňden agdy.

Bu kommentariý öňki aýdylan beýanata düýpgöter garşy gelýär. Meselem, 20-nji ýanwarda, ABŞ-da ilkinji koronawitusly adam hasaba alnanda, prezident Tramp:

— Biz ony doly kontrollykda saklarys – diýen beýanat bilen çykyş edipdi.

Bu howply ýagdaý barada şeýle gapma-garşylykly pikirleriň aýdylmagy ABŞ-da koronawirusa garşy göreşe ýeterlik üns berilmezlige, sowuk-salalyga alyp bardy. 2014-nji ýyldaky Ebola atlandyrylan ýokanç kesele garşy göreşe ýolbaşçylyk eden Ron Kleýn: «Bolan ýagdaý üns berilmedik heläkçiligiň bir okuw mysaly hökmünde birnäçe nesiller öwrenmeli bolarlar»diýip, ýakynda çykyş etdi.

ABŞ-yň Newada ştatyndaky Las-Wegas şäheriniň öňki awtoduralgasynda, öýsüz adamlar wagtlaýyn ýerleşdiler.
ABŞ-yň Newada ştatyndaky Las-Wegas şäheriniň öňki awtoduralgasynda, öýsüz adamlar wagtlaýyn ýerleşdiler.

Koronawirusa garşy göreşde örän zerur bolan synag testlerini geçirmek ol problemany ýeňmegiň iň bir möhüm ugry bolup durýar. Soňky wagtlarda bu ugurdaky göreş has giňeýär.

Test geçirmäge öňki niýetlenen enjamlaryň derde ýaramazlygy, täzelerini öndürmek meselesine bolsa höwessiz daraşmak, hökümetdäki býurokratik bökdençlikler, şeýle hem test geçirmek üçin zerur bolan enjamlar barada Trampyň aýdýan pikirleriniň gapma-garşy bolmagy – munuň bary ol howpa garşy göreşi haýallatdy.

Keselçilige garşy kontrollyk hem-de kesellänlere bejergi bermek Merkeziniň ýolbaşçysy Robert Redfild bu ugurdaky maliýe faktorynyň hem ýetmezçilik edýändigini aýdýar.

— Meseläniň düýp özeni biz jemgyýetçilik saglygyna gözegçilik laboratoriýalaryna ýeterlik derejede inwestisiýa goýmadyk – diýip, mart aýynda Redfild aýtdy.

Material AÝ/AR-nyň Gyrgyz gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG