Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Russiýanyň Arhangelsk şäherindäki sinagoga hüjüm edildi


Arhangelskdäki “Demirgazyk ýyldyzy” atly ýewreý medeni merkezi

Başganyň emlägini bikanun otlaýanlar Russiýanyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Arhangelsk şäherindäki sinagoga hüjüm etdiler. Bu 2015-nji ýyldan bäri ybadathana edilen soňky hüjümdir.

Ýerli ýewreý jemgyýetiniň lideri Anatoliý Obermeýster Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda 13-nji aprelde amala aşyrylan hüjümde jenaýatçylaryň awtoulag tekerlerini we ýanyjy maddalary ulanandygyny aýtdy.

Ýangyn zerarly uly zyýan çeken sinagog Arhangelskdäki “Demirgazyk ýyldyzy” atly ýewreý medeni merkezinde ýerleşýär.

“Men düýpli derňew geçiriler we wandallar tapylar diýip umyt edýärin” diýip, Obermeýster aýtdy. Şeýle-de, ol hüjümiň ýetiren zyýanynyň 1,5 million rubl ($20400) töweregi bolandygyny hem belledi.

Şäher polisiýasynyň AÝ/AR-na aýtmagyna görä, hüjüm bilen bagly derňew işleri başladyldy.

Wakada hiç kimiň ýaralanmandygy habar berilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG