ABŞ-nyň Owganystan boýunça wekili Zalmaý Halilzad we Birleşen Ştatlaryň bu ýurtdaky baş kommandiri Skot Miller Yslamabatda Pakistanyň harby liderleri bilen duşuşdylar. Mundan öň, Dohada “Talybanyň” ýokary derejeli wekilleri bilen gepleşikler geçirilipdi.
Pakistanyň we Kataryň paýtagtlaryndaky gepleşikler “Talyban” bilen owgan hökümetiniň tussaglary çalyşmak boýunça geçiren çäreleriniň yzýanyna gabat geldi.
Tussaglaryň çalşygy – Owganystandaky 18 ýyllyk urşy togtatmak boýunça iki tarapyň arasyndaky parahatçylyk gepleşiklerine ýol açjak esasy ädimleriň biri hökmünde häsiýetlendirilýär.
Halilzad we NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky Owganystandaky “Aýgytly Goldaw” missiýasynyň kommandiri Miller 14-nji aprelde Yslamabatda armiýanyň baş ştabynyň kommandiri general Kamar Jawed Bajwa bilen duşuşyp, ABŞ-nyň “Owganystanda ygtybarly parahatçylygy ornaşdyrmak boýunça alyp barýan tagallalaryny maslahatlaşdylar” diýip, Birleşen Ştatlaryň Pakistandaky ilçihanasy beýanat ýaýratdy.
“Pakistanyň harby liderleri ABŞ-nyň tagallalaryna goldawyny tekrarladylar we konflikti syýasy ýollar arkaly çözmäge ygrarly bolup galýandyklaryny aýtdylar” diýip, beýanatda bellenilýär.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, 13-nji aprelde Katarda “Talyban” wekilleri bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda, Halilzad we Miller 29-njy fewralda ABŞ-nyň we “Talybanyň” Dohadaky gol goýan parahatçylyk ylalaşygynyň durmuşa geçirilmegi ugrundaky “häzirki bar bolan meseleleri” maslahat edipdirler.