Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tramp ozal görlüp-eşidilmedik hereket bilen Kongresi gaýra goýmak haýbatyny atýar


Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ýokary wezipelere, şol sanda salgytlar bilen maliýeleşdirilýän “Amerikanyň sesi” we Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy ýaly media guramalaryna gözegçilik edýän federal agentlige ýolbaşçy wezipesine görkezen dalaşgärlerini tassyklamakda kanun çykaryjylaryň haýal hereket edýändigi barada bildirýän lapykeçligi sebäpli Kongresi gaýra goýmak haýbatyny atdy.

Bu haýbat Ak tamyň ýaňy ýakynda “Amerikanyň sesini” koronawirus pandemiýasynyň dowamynda Hytaýy propaganda etmekde aýyplamagynyň fonunda 15-nji aprelde geçirilen metbugat ýygnagynda atyldy.

“Senat ýa öz borjuny berjaý edip, meniň görkezen dalaşgärlerim babatynda ses bermeli ýa-da arakesme wagtynda meniň özüm olary wezipä bellärim ýaly ol resmi taýdan gaýra goýulmaly” diýip, ol aýtdy.

Tramp konstitusiýada Kongresi mejbury gaýra goýup, Senatdaky sesleriň köplügi bilen däl-de prezidentiň özüne gönüden-göni wezipä bellemek hukugyny berýän mehanizmi güýje girizmek barada gürrüň edýär. Senat häzirki wagtda respublikanlaryň gözegçiligindedir.

Senatyň köplük lideri Miç MakKonnel (Mitch McConnell) beýanat ýaýradyp, koronawirus keseline garşy göreşmekde möhüm orny eýeleýän wezipelere bellenenleri tassyklamagyň bir ýoluny tapmagy wada berýändigini, ýöne munuň Senatyň düzgünlerine laýyklykda azlyk demokrat lideri Çak Şumeriň razyçylygyny talap edýändigini aýtdy.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG