Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik prezidentiniň uly ogly parlamentiň ýokarky palatasynyň, Milli mejlisiň başlygy boldy


Rustam Emomali
Rustam Emomali

Täjik prezidenti Emomali Rahmonyň uly ogly parlamentiň ýokarky palatasynyň, Milli mejlisiň başlygy boldy.

Kanun çykaryjylar 17-nji aprelde Rustam Emomaliniň, paýtagt Duşenbäniň häkiminiň täze wezipä bellenmegini tassykladylar. Bu wezipä bellenmegi prezidentiň oglunyň berk kontrollykda saklanylýan merkezi aziýa ýurdunda ikinji uly derejeli syýasatça öwrülýändigini görkezýär.

Täjigistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, prezident öz wezipesini ýerine ýetirmäge ukyply bolmasa ýa-da işden çekilse, ýurt ýolbaşçysynyň ygtyýarlyklary Milli mejlisiň başlygyna geçýär.

Prezidentiň ogly bu wezipä ýurt şu ýylyň aýagynda prezident saýlawlaryny geçirmäge taýýarlanýan wagtynda eýe boldy.

Täjigistany çärýek asyrdan gowrak wagt bäri dolandyrýan Emomali Rahmon, 2016-njy ýylyň maýynda geçirilen referendumyň beren aýratyn ygtyýarlyklary sebäpli, näçe islese, şonça hem prezidentlik möhletine dalaş edip bilýär.

XS
SM
MD
LG