Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran ABŞ-ny Pars aýlagynda gabat gelen gämileri barada galp maglumat bermekde aýyplady

ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň aýtmagyna görä, 15-nji aprelde Pars aýlagynda Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň sakçylary guramasynyň 11 sany gämisi ABŞ-nyň harby gämilerine tarap "howply we alada dörediji hereket" edipdir. 

Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň sakçylary (IRGC) ABŞ-ny iki ýurduň harby gämileriniň Pars aýlagynda bir-birine gabat gelmegine degişli ýagdaý barada galp maglumat bermekde aýyplady.

Munuň öňýany Waşington Eýranyň gämilerini öz gämilerine hüjüm etmekde aýyplady.

"Biz amerikanlary halkara kanunlaryna we Pars hem Oman aýlaglarynda gämi gatnawyna degişli protokollara eýermäge hem awantýurismden we galp maglumatlardan gaça durmaga çagyrýarys" diýip eýran resmileriniň 19-njy aprelde ýaýradan beýanatynda aýdylýar.

ABŞ-nyň harby deňiz güýçleriniň aýtmagyna görä, 15-nji aprelde Pars aýlagynda Eýranyň Rewolýusion gwardiýasynyň sakçylary guramasynyň 11 sany gämisi ABŞ-nyň harby gämilerine tarap "howply we alada dörediji hereket" edipdir.

ABŞ-nyň gämileriniň bu ýagdaýyň ýüze çykan wagtynda halkara suw giňişliginde bolandygyny we türgenleşik geçirendigini amerikan resmileri aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG