Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjik aktiwistleri resmileriň ‘koronawirus ýok’ öňe sürmesine şübheli garaýarlar


Täjigistandaky graždan aktiwistleri ýurtda wirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýaşyrylýan bolmagynyň mümkindigine alada bildirdiler.
Täjigistandaky graždan aktiwistleri ýurtda wirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýaşyrylýan bolmagynyň mümkindigine alada bildirdiler.

Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 2,5 million adamdan aşan, şeýle-de ol sebäpli ölenleriň sany 171 müň adamdan geçen pursady, Täjigistandaky graždan aktiwistleri ýurtda wirusyň ýaýramagy bilen bagly ýagdaýlaryň ýaşyrylýan bolmagynyň mümkindigine alada bildirdiler.

Täjik häkimiýetleri COVID-19 wirusy bilen bagly ýurtda ýeke ýagdaýyň hem hasaba alynmandygyny aýdýarlar. Emma, ekspertler ýurtda garaşsyz medianyň we hökümetdäki aýdyňlygyň pesdigine ünsi çekip, bu öňe sürmeleri sorag astyna alýarlar.

Täjigistanda 18 sany graždan hukuk toparlary we şahsy aktiwistleri 20-nji aprelde Saglyk ministrligine, ýurtdaky epidemiologiki ýagdaýy aýdyňlaşdyrar ýaly, ençeme soragy ýolladylar.

Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň açyk hatynda, deňeşdirme barlaglaryny geçirmek maksady bilen, 2019-njy we 2020-nji ýyllaryň birinji çärýeginde pnewmaniýa, inçekesel we beýleki respirator keselleri bilen bagly statistiki maglumatlaryň aýan edilmegi soralýar.

Soňky hepdeleriň dowamynda Täjigistanda pnewmoniýa, inçekesel we dümew sebäpli adam pidalary barada resmi hasabatyň berilmegi, bu Merkezi Aziýa ýurdunda koronawirusyň ýaýrap başlan bolmagynyň mümkindigi baradaky aladalary döretdi.

Hökümete degişli bolmadyk 18 topar Täjigistanda ulanylýan Hytaýdan we Russiýadan getirilen test enjamlarynyň ygtybarlygyna hem alada bildirdi.

Awtoritar Türkmenistan hem resmi derejede koronawirus bilen bagly ýeke ýagdaýy yglan etmedi.

XS
SM
MD
LG