Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kabul parahatçylyk gepleşikleri üçin ýene onlarça "Talyban" tussagyny boşatdy


Täze boşadylan "Talyban" tussaglary. 11-nji aprel, 2020-nji ýyl, demirgazyk Kabuldaky Bagram türmesi. Owganystan.
Täze boşadylan "Talyban" tussaglary. 11-nji aprel, 2020-nji ýyl, demirgazyk Kabuldaky Bagram türmesi. Owganystan.

Owganystan iki tarapy parahatçylyk ylalaşygyna çekmek işleriniň çäginde ýene 71 "Talyban" tussagyny boşadandygyny aýdýar.

Milli howpsuzlyk geňeşi bu tussaglaryň Nangarhar, Lagman, Kunar, Nurystan, Farýap, Uruzgan we Baglan welaýatlaryndaky ýedi türmeden boşadylandygyny mälim etdi.

Kabul hökümeti 8-nji aprelden bäri jemi 432 sany “Talyban” tussagyny boşatdy. 29-njy fewralda Birleşen Ştatlary bilen "Talybanyň" arasynda gol çekilen ylalaşyk Owganystandaky 18 ýyllyk uruşy soňlandyrmagy maksat edinýän resmi parahatçylyk gepleşikleriniň öňýany ynam dörediji çäre hökmünde owgan hökümetini 5000 "Talyban" söweşijisini boşatmaga çagyrýar.

"Talyban" özünde saklaýan owgan hökümetiniň 1 müň harbysyny we raýat gullukçysyny boşatmagy wada berdi. 12-nji aprelden bäri olar owgan howpsuzlyk we goranmak güýçleriniň 60 harbysyny boşatdy.

Tussag alyşmagy owganara parahatçylyk gepleşikleri başalamazdan ozal, 10-njy martda tamamlamak meýilleşdirildi. Ýöne taraplaryň arasyndaky oňuşmazlyk sebäpli bu yza süýşürildi.

XS
SM
MD
LG