Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmisi: “Yslam söweşijileri iň döwrebap harby ýaraglar bilen üpjün edilipdir”


Owganystanda özlerini hökümete tabşyran söweşijiler. Arhiwden alnan surat
Owganystanda özlerini hökümete tabşyran söweşijiler. Arhiwden alnan surat

Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Badahşan welaýaty strategiki taýdan örän möhüm orunda durýar. Bu welaýat Pakistan, Hytaý hem Täjigistan bilen serhetleşýär. Badahşan welaýatynyň 28 etraby bar. Welaýatyň territoriýasynyň aglaba bölegini daglyk region gurşap alýar. Şol sebäpden bu sebit partizanlyk urşy üçin örän amatly ýer diýip, bilermenler aýdýarlar.

Ýerli resmileriň berýän maglumatyna görä, daşary ýurtly jeňçiler maşgala agzalary bilen gelip, Badahşan welaýatynda ýerleşipdirler. Daşary ýurtlardan gelen söweşijileriň köprägi merkezi aziýaly söweşijiler bolmaly diýip, bilermenler aýdýarlar.

Badahşan welaýatynyň häkiminiň sözüne görä, “Yslam döwleti” atlandyrylýan toparyň region boýunça bölümi bu welaýatda mesgen tutupdyr. Şondan bäri “yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri Badahşanda gün saýyn güýçlenýär. ‘Daeşçileriň’ Jürim etrabynyň Hostek atly dag jülgesinde harby türgenleşik merkezi bar. ‘Daeşçiler’ şol ýerde harby urugdan tälim alýarlar. “Türgenleşikden geçen söweşijiler Demirgazyk Owganystanyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetleşýän sebitlerine ýaýraýarlar” diýip, bu welaýatyň häkimi aýdýar.

Häzirki wagtda Badahşan welaýatynyň üç etraby ‘daeş’ jeňçileriniň elinde galýar. Beýleki etraplarda hem jeňçiler hereket edýärler.

Badahşan welaýatynda barýan söweş hereketlerine daşary ýurtly söweşijileriň ýolbaşçylyk edýändigini deputat Jawyt Müjeddedi aýdýar. Werdus we Ýumgan etraplarynda hem daşary ýurtly jeňçileriň ýerleşendigini deputat mälim etdi.

Badahşan welaýatynda hytaýly uýgur söweşijileri-de ýaşaýarlar. “Uýgurlaryň “Gündogar Türküstan” atly hereketiniň Badahşanda ýaragly güýçleri bar” diýip, ýerli resmiler habar berýär.

Ýerli geňeşiň deputaty Abdylla Najynyň aýtmagyna görä, diňe bir harby bazada 600-den gowurak daşary ýurtly ‘daeşçi’ bar.

“Ol daşary ýurtly söweşijiler ýerli jeňçilere-de harby ugurdan tälim berýärler. ‘Daeşçiler’ iň döwrebap harby ýaraglar bilen üpjün edilipdir” diýip, Abdylla Najy aýdýar.

Badahşan welaýatynda birnäçe uly dag magdanlary bar. Welaýatyň Ragystan atly etrabynda altyn käni ýerleşýär. Badahşan welaýatynyň welaýat Geňeşiniň başlygy, deputat Beşir Semin ‘yslam söweşijileriniň’ ol altyn käninden ummasyz köp gazanç edýändigini aýdýar. Daşary ýurtly jeňçileriň ykdysady taýdan has güýçlüdigini ol deputat mälim edýär.

“Yslan döwleti” atly toparyň söweşijileri Mingarhar welaýatynyň üç etrabynda we Kunar welaýatynyň çäginde hem hereket edýärler. Mingarhar welaýatynda Owganystanyň goşuny jeňçilere garşy harby operasiýa geçirdi. “Yslan döwleti” atly toparyň söweşijilerinden ýüzlerçe adam tussag edildi.

“Yslan döwleti” toparynyň “Horasan” atly bölüminiň başlygy Aslan Paruky ýaňy-ýakynda Kandagar welaýatynda 30 çemesi ýaragly adamlary bilen tutuldy. Mälim bolşy ýaly, Aslan Paruky Pakistanyň erkin zonasynyň ýaşaýjysy bolmaly. Aslan Parukynyň Pakistana tabşyrylmagyny ol ýurduň resmileri Owganystandan sorapdyrlar, ýöne Owganystan ony Pakistana bermekden saklandy diýlip, habarlarda aýdylýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG