Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan keselçilige we iş zerurlygyna salgylanyp, daýhanlary oraza tutmazlyuga çagyrýar


Täjik prezidenti Emomali Rahmon
Täjik prezidenti Emomali Rahmon

Täjik prezidenti Emomali Rahmon ýurduň daýhanlaryny agyz beklenilýän mukaddes aý bolan Ramazanda sagdyn we meýdanda işläp biler ýaly bolmak üçin, oraza tutmazlyga çagyrdy.

Täjigistan ýurtda häzire çenli koronawirus näsagynyň ýüze çykarylmandygyny aýdýar, emma Rahmon agyz beklemegiň adamlary ýokanç keselleriň ýokaşmagynyň öňünde gowuşgynsyz hala salýandygyny” aýdýar.

“Bu kesel bilen näsaglan adam biziň ýurdumyzda hasaba alynmadyk hem bolsa, bu biziň biparh bolmalydygymyzy we gol gowşuryp oturmalydygymyzy aňlatmaýar” diýip, Rahmon 23-nji aprelde, yslamyň mukaddes aýynyň başlanmagynyň öň ýanynda ýazdy.

COVID-19 nasaglarynyň hasaba alynmandygyny aýtsa-da, Täjigistan öz serhetlerini baglady we wirusyň ýaýramagynyň öňüni almak üçin metjitleri ýapmaga çenli, bir topar çäklendirme çäresini gördi.

Rahmon hökümete tarapdar din resmilerine salgylanyp, agyz beklemegiň “daýhanlary, mal bakýan çopanlary we beýleki agyr işlerde işleýän adamlary gowuşgynsyz hala salýandygyny” öňe sürdi.

ABŞ-nyň Döwlet departamenti Täjigistany ýurt raýatlarynyň din azatlygyny çäklendirmekde we basyp ýatyrmakda “alada döredýän” ýurtlaryň sanawynda saklaýar.

XS
SM
MD
LG