Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin II Jahan urşunyň gutaran senesini 3-nji sentýabra, Beslan pidalarynyň Hatyra gününe geçirdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin II Jahan urşunyň resmi taýdan tamam bolan senesini 2-nji sentýabrdan 3-nji sentýabra geçirmek baradaky kanuna gol çekdi.

Bu dokument Orsýetiň kanunçylyk maglumatlary baradaky websaýtynda çap edildi.

Orsýetiň parlamentiniň ýokarky palatasy bu kanunyň taslamasyny 17-nji aprelde tassyk etdi.

Awtorlaryň kanun taslamasynyň düşündiriş belliginde aýtmagyna görä, “Ikinji Jahan urşunyň tamamlanmagyna Sowet Soýuzynyň 1945-nji ýylda Ýaponiýadan üstün çykmagy aýgytly goşan goşdy” we bu SSSR-de resmi taýdan hut 3-nji sentýabrda yglan edildi.

Bu gün Ýokary Sowetiň prezidiumy tarapyndan Ýaponiýandan üstün çykylmagynyň ýeňiş güni diýlip yglan edildi, emma ol diňe iki gezek - 1945 we 1946-njy ýyllarda baýram edildi.

Soňra, bütin dünýäde bolşy ýaly, Ikinji Jahan urşunyň tamamlanan güni resmi taýdan 2-nji sentýabr diýlip hasaplandy, sebäbi hut şol gün Ýaponiýanyň tabyn bolýandygy hakyndaky şertnama gol çekilipdi.

Orsýetiň şanly seneler baradaky häzirki kanunynda hem Ikinji Jahan urşunyň tamamlanan güni 2-nji sentýabr diýlip görkezilýär (Japoniýadan üstün çykylmagy agzalmaýar).

Orsýetiň prezidentiniň ýanyndaky Adam hukuklary geňeşi, 3-nji sentýabryň Beslandaky mekdepde terrorçylar tarapyndan zamun alnan adamlar halas edilende ýogalanlaryň hatyra günüdigini aýdyp, sene üýtgetmesine garşy çykdy.

2004-nji ýylda Demirgazyk Osetiýadaky şäherde 334 adam wepat boldy.

Adam hukuklary geňeşiniň başlygy Waleriýa Fadeýewa Federasiýa Geňeşiniň başlygy Walentina Matwiýenkonyň adyna iberen hatynda “ýatdan çykmajak seneleri kesgitlemek baradaky kararlar adamlary birleşdirmeli we ikä bölmeli däl” diýdi. “Harby şöhrat gününiň 3-nji sentýabra geçirilmegi aýylganç terrorçylyk hüjüminde wepat bolanlaryň maşgalalarynda we dostlarynda düşünmezlik döreder” diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Emma muňa garamazdan, Matwiýenko senäniň üýtgedilmegini goldady. Ol bu kanun taslamasynyň töweregindäki galmagaly “artykmaç” hasaplaýandygyny aýtdy we şanly senäniň 3-nji sentýabra geçirilmegi şol günde baýramçylyk çäreleriniň guraljakdygyny aňlatmaýar diýdi.

Şu aralykda, Kreml çeşmelerine salgylanýan habar serişdeleriniň käbiri 3-nji sentýabry 9-njy maýda geçirilen Ýeňiş paradynyň koronawirus epidemiýasy sebäpli yza süýşürilip bilinjek seneleriniň biri diýip atlandyrýar.

Resmi taýdan ozallar 9-njy maýda geçirilen paradyň mümkin bolan täze senesi agzalmady.Putin paradyň şu ýyl geçiriljekdigini aýtdy. Mümkin bolan başga bir sene 24-nji iýun bolup durýar, sebäbi bu gün 1945-nji ýylda, Moskwadaky Gyzyl meýdançada Ýeňiş parady geçirilipdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG