Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çäklendirmeler gowşadylýar, dünýäde koronawirusdan ölenleriň sany 200 müňden geçdi


ABŞ. Öýde galmak buýrugyna garşy protest bildirýän adam.

Ispaniýadaky çagalar alty hepdäniň içinde ilkinji gezek 26-njy aprelde daşary çykmak mümkinçiliklerini alar diýip, ýurduň premýer-ministri aýtdy.

Ispaniýa, beýleki birnäçe Ýewropa ýurduna goşulyp, koronawirusyň ýaýramagyny haýallatmaga gönükdirilen çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek planlaryny taýýarlaýandygyny aýtdy.

Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes çagalara uly ýaşlylar tarapyndan gözegçilik edilýän bir sagatlyk gezelençlere rugsat beriljekdigini, ýöne olaryň öýlerinden 1 km uzaklyga çenli aralykda bolmalydygyny aýtdy.

Bu karar Ýewropada we beýleki ýurtlarda çäklendirmeler ýatyrylyp başlandan soň kabul edildi, ýöne saglyk işgärleri beýle basym açylmagyň wirusyň yza gaýdyp gelmegine ýol açjakdygyny duýdurdylar.

Hökümetler bu kararlaryny gündelik ölýänleriň sanynyň azalmagy netijesinde yglan edýärler.

Hytaý 26-njy aprelde ýene 11 hadysany tassyklady we wirusdan ölen adamyň bolmandygyny aýtdy.

ABŞ-nyň sanlyja ştatynda çäklendirmeler gowşadylyp, adamlara suw kenarlaryna, sport zalyna we dellekhana gitmäge mümkinçilik berildi.

Bu kararlar dünýäde wirus ýokaşanlaryň umumy sany 3 milliona golaýlap, ýogalanlaryň sanynyň 200 müňden geçen wagtynda kabul edilýär.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG