Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Saud Arabystany dürre urmak jezasyny ýatyrýar


Täç geýdirilen şazada Muhammet bin Salman

Saud Arabystanynyň Ýokary sudy dürre urmak, gamçylamak jezasyny bermegi ýatyrýan karar çykardy.

AFP habar gullugynyň maglumatyna görä, Ýokary sud ten jezasynyň berilmegini ýatyrmak bilen, halkara adam hukuklary ülňülerini berjaý etmek kararyna geldi.

Indiden beýläk gamçy ýa dürre urmak jezalaryna derek günäkärler azatlykdan mahrum ediler ýa-da jerime tölemeli bolar.

Saud Arabystanynyň metbugaty bu täzeligiň şazada Muhammet bin Salman tarapyndan geçirilýän reformalar bilen baglanyşyklydyny öňe sürýär.

Saud Arabystanynda ölüm jezasynyň berilmegi dowam etdirilýär.

Adam hukuklaryny goraýan halkara “Amnesty International” guramasynyň maglumatyna görä, 2019-njy ýylda ýurtda 184 adam jezalandyrylyp öldürildi.

"Roýters" habar gullugy 24-nji aprelde tanymal adam hukuklary aktiwisti we raýat aktiwisti Abdullah al-Hamidiň Saud Arabystanynyň paýtagty Riýadda bir keselhanasynda ölendigini habar berdi.

Habar gullugynyň çeşmeleriniň maglumatyna görä, 69 ýaşly oppozisioner 2013-nji ýyldan bäri saklanylýan türmesinden keselhana geçirilipdir.

Al-Hamid Saud Arabystanynyň Raýat we Syýasy Hukuklar Assosiasiýasyny (ALQST) esaslandyryjylaryň biri bolup, patyşalykda adam hukuklarynyň bozulmazlygyna gözegçilik edýärdi.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG