Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Dünýäde harby maksatlara 2019-njy ýylda $1.9 trillion sarp edildi


SIPRI guramasynyň hasabatyna görä, 2019-njy ýylda dünýä ýurtlary harby maksatlary üçin soňky 10 ýylda iň köp pul sarp edipdir. Umumy çykdajylar $1,9 trillion barabar bolupdyr.

Dünýäde harby maksatlara 2019-njy ýylda $1,9 trillion sarp edilip, soňky on ýyllykda iň uly çykdajy edilipdir. Bu barada Şwesiýada ýerleşýän harby institut (SIPRI) habar berýär.

27-nji aprelde çap bolan maglumata görä, 2019-njy ýylda global harby çykdajylaryň 62% bäş ýurduň ABŞ-nyň, Hytaýyň, Hindistanyň, Orsýetiň we Saud Arabystanynyň paýyna düşýär.

2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende harby çykdajylar 3,6% artypdyr. Bu görkeziji 2010-njy ýyldan bäri harby çykdajylaryň iň uly möçberini emele getirýär.

ABŞ-nyň harby çykdajylarynyň mukdary 5,3% göterilip, $732 milliarda ýetipdir.

Şol bir wagtda-da, Orsýet soňky iki on ýyllygyň dowamynda harby çykdajylaryny dowamly artdyrdy we 2019-njy ýylda $65.1 milliard dollara ýetirdi. Geçen ýylky sanlar 2018-nji ýyl bilen deňeşdirilende 4.5% göterildi.

“Orsýetiň umumy içerki önümçiliginiň 3.9% barabar harby çykdajylarynyň ösüşi 2019-njy ýylda Ýewropada iň ýokary boldy" diýip, SIPRI guramasynyň bilermeni Aleksandra Kuimowa aýtdy.

NATO-nyň 29 sany agza ýurdy bilelikde $1,04 trillion pul sarp edipdir. Iň köp çykdajy Germaniýa we Merkezi hem-de Gündogar Ýewropa agzalary tarapyndan edilipdir.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG