Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanda güýçli ýeliň turmagy netijesinde bir adam öldi we başga-da azyndan 30 adam ýaralandy


Özbegistanyň kartasy
Özbegistanyň kartasy

Özbegistanyň günorta-günbataryndaky Buhara sebitinde güýçli ýeliň turmagy netijesinde bir adam öldi we başga-da azyndan 30 adam ýaralandy. Şeýle-de, köp sanly agaç agdaryldy.

28-nji aprelde regional saglyk resmileri öten agşam ýurduň birnäçe günorta sebitinde dörän güýçli ýeliň dört sagatdan gowrak dowam edendigini we azyndan 140000 hojalygyň elektrik we tebigy gaz üpjünçiligini kesendigini aýtdylar.

Ýeliň tizligi sagatda 90 kilometre ýetdi diýip, Döwlet meteorologiýa merkezi aýtdy.

Özbegistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar boýunça ministrligi ýeliň Nawoiý, Samarkand we Kaşkaderýa ýaly günorta sebitlere hem zyýan ýetirendigini mälim etdi.

Ministrligiň maglumatyna görä, ýeliň ýetiren zyýanyny kesgitlemek üçin hökümet topary döredildi. Şeýle-de, zyýan çeken sebitlerde halas ediş toparlary işleýär.

Ýel Türkmenistanyň Türkmenabat şäherine hem zyýan ýetirdi.

“Agşama golaý asman garaňkyrap, tüweleýe meňzeýän ýel turdy we güýçli ýagyn ýagyp başlady. Şäherde elektrik togy kesildi. Köçeleri suw aldy. Güýçli ýel jaýlaryň üçeklerini gopardy. Köçelerde galan adamlar aljyrap harasatdan goranar ýaly ýer gözleýärdi” diýip, bu hadysalara şaýat bolan habarçy 27-nji aprelde gürrüň berdi.

XS
SM
MD
LG