Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan resmileri “Talybanyň” hatarynda daşary ýurtly söweşijileriň söweşýändigini we munuň parahatçylyk şertnamasyna ters gelýändigini aýdýar


Owgan howpsuzlyk güýçleri Badahşanyň Ýamgan etrabynda. 9-njy sentýabr, 2019-njy ýyl.
Owgan howpsuzlyk güýçleri Badahşanyň Ýamgan etrabynda. 9-njy sentýabr, 2019-njy ýyl.

Owgan resmileri demirgazyk Badahşan welaýatynda “Talyban” söweşijileriniň hatarynda daşary ýurtly söweşijileriň söweşýändigini aýdýarlar, eger-de munuň dogrudygy subut edilse, ABŞ bilen “Talybanyň” arasyndaky parahatçylyk ylalaşygynyň şertleri bozulýar.

Welaýat häkimi Zakariýa Sawda esasan goňşy Täjigistandan we Özbegistandan bolan 400 daşary ýurtly söweşijiniň “Talybana” goşulyp, olaryň welaýatyň çäginde owgan howpsuzlyk güýçlerine garşy söweşýändiklerini aýtdy.

Sawda “Talyban” bilen daşary ýurtly söweşijileriň Badahşanda uly terror merkezini döretmäge synanyşýandyklaryny we munuň “çynlakaý meseledigini” Azatlyk Radiosyna gürüň berdi.

Täjigistan, Hytaý we Pakistan bilen serhetleşýän çet daglyk welaýat Badahşanyň köp bölegine gözegçilik edýän we bu ugurda bäsleşýän “Talyban” aýdylýan maglumaty derhal teswirlemedi.

Eger-de Sawdanyň öňe sürmeleri tassyklansa, “Talybanyň” hereketleri söweşiji toparyň fewral aýynda Waşington bilen gol çeken ylalaşygynyň bozulýandygyny aňladyp biler.

Ylalaşyga laýyklykda, “Talyban” terror toparlary bilen gatnaşygy kesmäge we öz gözegçilik edýän çäklerinde terrorçylaryň Birleşen Ştatlara we onuň ýaranlaryna, şol sanda owgan hökümetine garşy hüjüm amala aşyrmagynyň öňüni almaga borçlandy.

“Talybanyň” terroçylyga garşy göreş kepillikleriniň öwezine Birleşen Ştatlary 2021-nji ýylyň iýulyna çenli 12 müň töweregi harbysynyň ählisini Owganystandan çykarmaga razy boldy.

XS
SM
MD
LG