Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýetiň premýer-ministrine koronawirus ýokaşdy


Mihail Mişustin

RF-nyň premýeri Mihail Mişustin 30-njy aprelde özünde koronawirusyň ýüze çykarylandygyny habar berdi.

“Ýap-ýaňy mälim boldy, meniň koronawirus üçin etdiren saglyk barlagym oňyn netije görkezdi” diýip, ol Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin bilen wideoaragatnaşyk arkaly eden gürrüňinde aýtdy.

Premýer-ministriň näsag wagtynda onuň wezipesini ýerine ýetirmek üçin birinji orunbasary Andreý Belousow bellenildi.

Premýer özüňi üzňeleşdirmek düzgünlerini berjaý etjekdigini, emma hökümetiň özi bolmadyk ýagdaýynda hem aktiw işlejekdigini, özüniň hem aragatnaşykda boljakdygyny aýtdy.

Prezident Wladimir Putin Mişustiniň özüne “keselhanadan telefon etmegini” sorady.

Mişustiniň haýsy keselhana ýerleşdiriljegi häzirlikçe belli bolmady.

XS
SM
MD
LG