Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Germaniýada terror aktyny taýýarlamakda şübhe bildirilen täjigistanlylar kimler? Azatlyk Radiosynyň derňewi


Sunnatullo Kerimow, Germaniýada tussaga alnanlardan biri
Sunnatullo Kerimow, Germaniýada tussaga alnanlardan biri

15-njiaprelde Germaniýanyň polisiýasy Demirgazyk Reýn - Westfaleniň dürli ýerlerinden, asly Täjigistandan bolan birnäçe adamy tussag etdi. Olara terror aktyny taýýarlamakda şübhe bildirilýär. Derňewiň tassyklamagyna görä, ol saklananlar 2019-njy ýylyň ýanwaryndan bäri «Yslam döwleti»toparynyň agzalygynda durup, toparyň Siriýadaky hem beýleki döwletlerdäki liderleri bilen aragatnaşyk saklap gelipdirler. Derňewiň tassyklamagyna görä, olar owal başda Täjigistana gidip, şol ýerde ýerli häkimiýetler bilen göreşmeli eken. Soňra şol ýerde galyp, Germaniýadaky ABŞ-yň harby bazalaryna hem-de yslama garşy bolan adamlara garşy birnäçe terror akty geçirmeli eken.

Germaniýanyň kanuny derňewiň başynda şübhe bildirilýänleriň atlaryny aýtmaga gadaganlyk girizýär. Şonuň üçinem prokuratura saklananlaryň atlaryny şeýle görkezdi: Azizjon B., Muhammadali G., Farhodşo K., Sunnatullo K. hem-de Rawşan B. Nemes hökümetleriniň maglumatyna görä, Rawşan B. beýlekilerden öňräk, baryp 2019-njy ýylyň martynda saklanypdyr. Germaniýada ýaşaýan täjikler hem Rawşany tanaýanlar onuň aslynyň Duşenbe şäherinden bolup, Russiýanyň üsti bilen Germaniýa aşandygyny aýdýarlar.

AÝ/AR-nyň Täjik gullugy ol saklananlardan azyndan biriniň kimligini anyklap bildi. Aprel aýynda saklanan 24 ýaşly Sunnatullo Kerimow Hatlon oblastynyň Muminabat raýonyndan çykypdyr.

Sunnatullonyň kakasy häzir hem Muminabat raýonynda ýaşaýar. Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ol adamy Täjigistanyň howpsuzlyk organlary çagyryp, ogly barada birnäçe sorag beripdirler. Ol bolsa Sunnatullonyň 2016-njy ýylda wiza bilen Germaniýa gidendigini we şol ýurtda ýaşamaga galandygyny aýdypdyr.

Üç ýyl owal Sunnatullo ýerli nemes maşgalasy bilen tanşyp, oňa öýlenipdir. Kakasynyň sözüne görä, ol maşgala Sunnatullo durmuşa çykandan soň, yslam dinini kabul edip, öz adyny hem musulman ada öwrüpdir.

«Ol maşgala stomatologiýa ugrundan okaýan eken hem bir klinikada praktika geçipdir. Meniň oglumyň dişi agyranynda, şol klinika barypdyr, olar şonda tanşyp, maşgala gurupdyrlar. Biziň gelnimiz musulman bolupdyr, biz oňa Oýişa diýýäris. Olaryň iki ogly boldy»diýip,Sunnatullonyň kakasy gürrüň berýär.

Onuň sözüne görä, ogullaryndan biri golaýda Oýişa telefon edipdir, şonda ol ikinji ogly doglandan soň, hökümetler olara ýaşamaga jaý berendigini, indi oňa göçmekçi bolýandygyny aýdypdyr. Ol Sunnatullonyň tutulmagynyň bir ýalňyşlykdygyny aýdyp; «bar zat gowy bolar, Sunnatullo azatlyga çykar»diýipdir.

Kakasynyň sözüne görä, Sunnatullo Germaniýa«Opel»awtomaşynynyň ätiýaçlyk şaýlaryny söwda etmek üçin gidipdir. Onyň kakasy hem beýleki garyndaşlary Sunnatullonyň hiç wagtda Täjigistanyň kanun goraýjylary tarapyndan yzarlanmadygyny, hiç haçan jenaýat jogapkärçiligine çekilmedigini we onuň üçin hiç bir gözleg yglan edilmedigini aýdýarlar. Täjigistanyň Baş prokuraturasy hem Sunnatullo Kerimowyň hem-de beýleki tutulanlaryň jenaýat gözleginde durmaýandygyny Azatlyk Radiosyna mälim etdi.

Demirgazyk Reýn - Westfalende ýaşaýan bir täjigistanly maşgala daşary ýurtlulara nemes dilini öwredýän merkezde Sunnatullony görendigini aýdýar.

«Ol şonda nemes dili kursuny B1 derejesinde gutarandygyny, aslynyň Muminabatdandygyny aýtdy, ýöne öz telefon nomerini maňa bermedi. Meniň soraglarymyň oňa ýaramaýandygy bellidi. Men ony soňra-da aýaly hem çagalary bilen supermarketde iki-üç gezek gördüm. Men oňa biz ildeş ahyryn, myhmançylyga gel diýdim, ýöne ol muny kabul etmedi. Özüni beýleki – ýat ile düşen täjikler ýaly, ildeşleri bilen islendik duşuşyga begençli alyp barmaýardy»diýip, ol aýal gürrüň berýär.

Sunnatullo Kerimowyň kakasy öz oglunyň Rawşan B. bilen tanyşlygynyň ýokdugyny ileri sürýär. Derňewçileriň pikirine görä, Rawşan B. «YD»toparynyň wekilleri bilen onuň ýönekeý agzalarynyň arasynda «aragatnaşykçy»saýylýar.Nemes köpçülikleýin habar serişdeleri Rawşan B-niň telefonynda galan maglumatlara görä, «YD-nyň»Siriýadaky hem Owganystandaky ýokary derejeli wekilleri bilen gatnaşykda bolandyr diýlip çaklanýar. Rawşan B-niň telefonyna gowşan bir maglumatda «YD-nyň»bir komandiri «Allanyň buýrugy bilen öz bolýan ýeriňizde jihad geçiriň»diýlip ýazylypdyr.

Derňewçiler şeýle hem Rawşanyň «Yslam döwleti»toparynyň ýolbaşçysy Al-Bagdada wepaly boljakdygy barada kasam içendigi hakda telefon subutnamany tapypdyrlar. Habarlardan mälim bolşy ýaly, Al-Bagdadi ABŞ-yň harby güýçleri tarapyndan 2019-njy ýylyň oktýabrynda öldürilipdi. Rawşan B-niň telefonynda elde ýasalýan bombany taýýarlamak barada aralykçy topar bilen hat alşandygy aýdylýar. Mundan daşary-da, ol adam 2019-njy ýylyň ýanwarynda mobil telefony arkaly pul ýygnamak bilen meşgullanypdyr.

Barlagyň tassyklamagyna görä, häzirki tutulanlar ABŞ-yň Germaniýadaky iki harby bazasyny göz öňünde tutupdyrlar hem-de Aaheniň golaýyndaky Geýlenkirhen aerodromyna köp üns beripdirler. Ol saklananlardan biriniň aýaly hatda Bitburgdaky uçujylyk mekdebine jaň edip, paraplanda uçmagy öwrenmek üçin, tomusky kursa ýazylmakçy bolýandygyny aýdypdyr, ýöne ony okuwa kabul etmändirler.

«Derňewiň netijelerine görä, bu topara girýänleriň bir maksady paraplan arkaly terror aktyny gurmak eken»diýip, nemes habar serişdeleri ýazýar.

Resmi maglumata görä, Siriýadaky hem Yrakdaky bikanun harby toparlanyşyklara Täjigistanyň 2 müň çemesi graždany gidipdir. «YD»topary dargadylsa-da, olardan diri galan agzalarynyň başga bir at bilen özlerine howpsuz bolan ýurda aralaşmagynyň mümkinçiligi aradan aýrylmaýar.

Material AÝ/AR-nyň Nastoýaşeýe Wremýa gullugy tarapyndan taýýarlandy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

XS
SM
MD
LG