Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar
Göni efirde

Mirziýoýew bendiň bozulan ýerine barmak üçin gyssagly Sardoba sebitine geldi


Prezident Şawkat Mirziýoýew Syrderýa oblastynyň Sardoba etrabyna geldi.

1-nji maý güni irden Syrderýa oblastyndaky Sardoba suw howdanynyň bendi bozuldy. Prezident Şawkat Mirziýoýew haýal etmän Syrderýa oblastynyň Sardoba etrabyna geldi.

Häzir Adatdan daşary ýagdaýlar ministrligi we beýleki edaralar gyssagly çäreleri görýärler, şol bir wagtda golaýdaky obalaryň ýaşaýjylaryny ewakuasiýa etmek tagallalary edilýär.

“Ýagdaý gözegçilik astyna alyndy, dowla düşmäge esas ýok” diýip, prezidentiň metbugat gullugynyň habarynda bellenýär.

Ýerli metbugat üç ýyl ozal Mirziýoýewiň Syrderýa oblastyna sapara baranda Sardoba suw howdanyna hem aýlanyp, “emeli deňizde” kaşaň gämili gezim edendigini habar berdi.

Ýerli medianyň maglumatlaryna görä, “suw howdanyny gurmak şol wagtky premýer-ministr Şawkat Mirziýoýewe degişli bolupdyr”.

Sardoba suw howdanynyň gurluşygy 2010-njy ýylda Günorta Mirzaçul kanalynyň merkezi ulgamynyň akýan ýerinde başlandy.

Gurluşygy 2017-nji ýylda tamamlanan suw howdanynyň kuwwaty 930 million kub metrdir. Suw howdanynyň beýikligi 28,8 metr.

Iň soňky teswirler

Iň soňky teswirler
XS
SM
MD
LG