Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Urnaň üstüne durna: Pandemiýa, gytçylyk, harasat, resmi dymyşlyk we aktiwistleriň kabul eden Ýüzlenmesi


Türkmenabat şäheriniň üstündäki gara bulutlar. 27-nji aprel, 2020-nji ýyl. Türkmenabat.
Türkmenabat şäheriniň üstündäki gara bulutlar. 27-nji aprel, 2020-nji ýyl. Türkmenabat.

Bu gepleşigimizde Lebapda gopan harasat bilen bagly golaýda Türkmenistanyň hökümetine Ýüzlenme kabul eden türkmen aktiwistleriniň hatarynda blogger Çemen Öre hem-de bosgunlykdaky Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow bilen geçirilen söhbetdeşlikleri diňleýjilerimize ýetirýäris.

Türkmenistanyň gündogar sebitlerinde, hususan-da Lebap welaýatynyň çäklerinde 27-nji aprelde agşamara güýçli tupan turdy. Welaýatyň administratiw merkezi Türkmenabatda, Farap etrabynda, Seýdi şäherinde we beýleki käbir etraplarda durmuş infrastrukturalary, elektrik sütünleri hatardan çykdy, aragatnaşyk ulgamlary kesildi we sebitiň suw üpjünçiliginde bökdençlik ýüze çykdy. Ilat agyr güne duçar boldy, harasatyň netijesinde azyndan 30 adamyň ölendigi barada maglumatlar bar.

Bular barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary we çeşmeleri güýçli howa hadysasynyň yzýany habar berdiler. Sebitden düşürilip sosial ulgamlara syzyp çykan wideolarda tupanyň güýjüne hatardan çykan ýollary, köki bilen goparylan äpet agaçlary, sandan çykan elektrik diňlerini, ýere gaçan üçekleri görmek we käbir wideolarda alňasaýan adamlaryň aljyraňňy seslerini eşitmek bolýar.

Geçen ýylyň bahar aýlary Türkmenistanda howa ýagyş-ýagmyrly bolupdy. Mart-aprel aýlarynda ýurduň Balkan welaýatyndan başlap, günorta-günbatar çäklerine, Ahal welaýatyna, Mary welaýatyna we ýurduň günorta-gündogar çäklerine sil gelipdi. Dowamly ýagan ýagyşlar ilatyň gündelik durmuşyna ýaramaz täsir ýetirip, oba hojalyk ekinleri we hatda paýtagt Aşgabatda käbir iş ýerleri sil suwlary bilen ýekme-ýek galypdy.

Elbetde, bu meseleler döwlet media we metbugat serişdelerinde aç-açan gozgalmady.

Aradan geçen bir ýyl töweregi wagtyň dowamynda adatdan daşary howa hadysalaryna garşy ýurt boýunça görlen taýýarlyk, şäher infrastrukturalaryny beketmek, olaryň durkuny täzelemek, adatdan daşary ýagdaýlarda halas ediş işleri boýunça görlen taýýarlyk, tebigy hadysalarda ilatyň dowla düşmeginiň öňüni almak üçin maglumat üpjünçiligini ýola goýmak, adatdan daşary ýagdaýlarda krizis merkezini döretmek we dessine ilaty ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaýlar boýunça ädime-ädim habarly edip durmak ýaly halas ediş çäreleri barada edilen işler nämälimliginde galýan wagty, duşenbe güni gündogar Türkmenistanda gopan harasat, ýurtdan gowuşýan maglumatlardan, sosial media syzyp çykan wideolardan çen tutulsa, agyr netijelere ýol açdy.

Onsuz hem global koronawirus pandemiýasynyň mümkin bolan täsirlerinden, galyberse-de soňky üç ýyla golaý wagt bäri ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklardan, gündelik azyk önümleriniň gytçylygyndan we gymmatçylygyndan ejir çekip gelýän ýerli halka, häkimiýetler tarapyndan öňünden duýdurylmadyk tebigy harasat urgy boldy.

Dünýä Türkmenleriniň bu sanynda Lebapda gopan harasat bilen bagly golaýda Türkmenistanyň hökümetine çagyryş bilen çykyş eden daşary ýurtlardaky türkmen aktiwistleriniň hatarynda blogger Çemen Öre hem-de Türkmenistanyň bosgunlykdaky Respublika partiýasynyň lideri Nurmuhammet Hanamow bilen geçirilen söhbetdeşlikleri diňleýjilerimize ýetirýäris.

Urnaň üstüne durna: Pandemiýa, gytçylyk, harasat, resmi dymyşlyk we aktiwistleriň kabul eden Ýüzlenmesi
please wait

No media source currently available

0:00 0:15:00 0:00

XS
SM
MD
LG