Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýylyň Ýokary sudy Netanýahuyň işine seredýär


Netanýahuyň sud diňlenişigi 24-nji maýda başlanmaly.
Netanýahuyň sud diňlenişigi 24-nji maýda başlanmaly.

Ysraýylyň Ýokary sudy 3-nji maýda premýer-ministr Bejamin Netenýahua garşy, korrupsiýada aýyplanan adama täze hökümet düzmäge rugsat bemelimi ýa däl diýen meselede iki günlük diňlenişik açdy.

Negatiw, ýagny tersin karar çykarylsa, munuň 2019-njy ýylyň aprelinden bäri dördünji irki saýlawa ýol açjakdygy aýdylýar.

Netenýahu we onuň esasy bäsdeşi Benni Gantz geçen aýda üç saýlawda hiç biri ýeňiş gazanyp bilmäninden soň, ýurdy gezekli dolandyrmak üçin, agzybirlik hökümetini düzmek baradaky ylalşyga gol çekdi.

On ýyldan gowrak wagt bäri häkimiýet başynda we häzir wagtlaýyn hökümetiň başlygy bolup durýan, sagçy Netanýahu öňki goşun serkerdesi, merkezçi Gantza gowşurmazyndan öň 18 aýlap täze administrasiýanyň premýer-ministri bolar.

Emma birnäçe topar, şol sanda oppozisiýa partiýalary we demokratiýa gözegçilik guramalary Netanýahua garşy gozgalan jenaýat işine salgylanyp, ýurduň Ýokary suduna şertnamanyň ýatyrylmagy, onuň hökümete ýolbaşçylyk etmeginiň gadagan edilmegi baradaky talap bilen ýüz tutdy.

Suduň kararynyň 7-nji maýda yglan edilmegine garaşylýar.

Ysraýylyň iň uzak wagtlap işlän premýer-ministri Netanýahu para, galplyk we ynamy bozmak aýyplamalarynda ýanwar aýynda günäkärlendi. Ol özüne garşy gozgalan üç işiň hemmesinde nädogry iş edendigini inkär etdi we özüniň syýasy taýdan ýanalmagyň pidasy bolandygyny aýtdy.

Netanýahuyň sud diňlenişigi 24-nji maýda başlanmaly.

Ysraýylyň kanuny aýyplama bildirilýän premýer-ministriň gutarnykly iş kesilýänçä işinden aýrylmaly däldigini aýdýar.

Netanýahu günäli tapylsa, para almakda aýyplanyp, 10 ýyl azatlykdan mahrum edilip bilner we galplyk we ynamy bozmak üçin iň köp bolanda üç ýyl azatlykdan mahrum edilip bilner.

XS
SM
MD
LG