Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystanyň günorta-günbataryna sil geldi (wideo)


Leýlek etraby. 2-nji maý, 2020.
Leýlek etraby. 2-nji maý, 2020.

2-nji maý güni agşam, dowamly ýagan ýagyşdan soň,Batken sebitiniň Leýlek etrabyna sil geldi.

Sil netijesinde Kara-Bulak we Toguz-Bulak ilatly nokatlary, şeýle-de Isfana şäheri zyýan gördi.

Käbir ýerleri we jaýlary suw basdy. Leýlek etrabynyň häkimliginiň maglumatyna görä, ýetirilen zyýanyň möçberleri hasaplanylýar.

Adatdan daşary ýagdaýlar gullygynyň deslapky maglumatyna görä, pida bolan we ýaralanan ýok.

XS
SM
MD
LG